Kitap — özboluşly bir dünýä. Ol aňyrsy-bärsi görünmeýän bir ummany ýadyňa salýar. Biziň durmuşymyzam kitap bilen berk baglanyşykly. Ylym-bilim bizi kämillik ýoluna äkidýän bolsa, kitap bize şol ýolda çelgi bolup hyzmat edýär.
Kitap hakynda gürrüň açylanda, şu rowaýat hakydama gelýär:
Gadym zamanlarda bir akyldar bolupdyr. Garrap tapdan düşen ol akyldar günleriň bir güni goňşy şäherleriň birine syýahata gidýär. Baran ýerinde ony gadyrlap, hezzet-hormat edip, gowy garşylaýarlar, şäheriň iň gözel ýerlerine aýlaýarlar. Wagty gelip, akyldar yzyna dolanmakçy bolýar, şonda şäheriň adamlary: «Biziň şäherimizde galyň, siziň ýaly akyldarlar şäherimizde azlyk edýär. Bu ýaşda yzyňyza dolansaňyz, öz şäheriňize ýetip bilmän orta ýolda galarsyňyz» diýip, akyldary alyp galmaga çalşypdyrlar. Akyldar hem: «Siz maňa şäheriňiziň gözelden-gözel ýerlerini görkezdiňiz, ýöne onuň kitaphanasyny görkezmediňiz-le?!» diýende, adamlar biri-birlerine garanjaklaşyp, şäherlerinde kitaphananyň ýoklugyny aýdypdyrlar. Onda akyldar: «Kitapsyz, kitap okalmaýan şäherde galanymdan, çölde suwsuz galanym gowudyr» diýip, yzyna dolanypdyr. Bu rowaýat kitaba goýulýan sarpanyň belentdigini ýene bir mertebe görkezýär. Onuň asyrdan-asyra, dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetmegi hem muňa kepil geçýär.
Halkymyzda şeýle bir aýtgy bar: «Kitap adamyň dostudyr». Çyn dost bolsa kyn günüňde seniň hemaýatçyň. Kitap durmuşda duşup biläýjek külpetleriň, islendik adamyň ykbalynda gabatlaşyp biläýjek meseleleriň çözgüdine aralaşmaga kömek edýär. Durmuşyň örän köpdürli wakalary bar, emma, olaryň hemmesini bir adam öz ömründe başyndan geçirip bilenok. Şonuň üçin biz başgalaryň durmuşynda bolup geçen wakalary kitapdan okap, öwrenip, olary dost maslahaty hökmünde ulanyp bilýäris.
Türkmen halky kitaphon halk. Kitaphonlyk — asyrlaryň jümmüşinden geçip, biziň günlerimize gelip ýeten, bize ata-babalarymyzdan miras galan ýagşy häsiýetdir. Muňa mysal hökmünde, Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny hem görkezmek bolar. Her bir adamyň hem kitap bilen dostlaşmagy esasynda öz durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýanlygy ikuçsuzdyr.
Bahargül DURDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.