Halkymyzyň asylly ýörelgeleri, edim-gylymlary gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ata-babalarymyzyň parasatly däp-dessurlaryny aýawly saklamakdan we dowam etdirmekden, jemgyýetde ruhy-ahlak gymmatlyklaryny berkitmekden ybaratdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasy, ene mukaddesligi, maşgala ojagy, ata-ene bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur paýhasly esaslary hakynda gürrüň edilýär. Bu eser her bir adamyň ata-ene, ogul-gyz, öý-ojak garaýyşlarynda täze duýgulary oýaryp, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik endiklerini has-da ösdürýär.
Her bir maşgalanyň baş maksady hünärli nesli terbiýeläp ýetişdirmekdir. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Her bir enäniň esasy maksady — perzendini edep-terbiýeli ösdürip ýetişdirmek, ony ile goşmak. Şoňa görä-de, adam üçin ata-enesini razy etmekden, olaryň ynamyny ödemekden uly bagt ýokdur. Adam ömrüniň iň gymmatly günleri eneli-ataly pursatlarydyr, olar bilen bilelikde geçiren günleridir» diýip belleýär.
Türkmen maşgalasynda perzendiň hünärli bolmagy ugrunda alada edilipdir. Gyz maşgala ejesinden öwüt-ündew alýar, oňa kiçilikden başlap, edep kadalary, öý-hojalyk, tikin-çatyn işleri öwredilýär. Halk arasynda «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini», «Gyzly öý ― gyzylly öý» diýlip aýdylyşy ýaly, terbiýe meselesinde zenanyň orny uludyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň medeni we ruhy mirasyna aýratyn sarpa goýýar, ýurdumyzda jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän milli gymmatlyklarymyzyň, halkymyzyň özboluşly ruhy ýörelgeleriniň kämilleşmegine ähmiýet berýär. Çünki Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biz milliligimizi gorap saklap, bu ýoly hemişe dowam etdirmelidiris. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyz atadan — ogullara, eneden — gyzlara geçmelidir. Dowamat-dowam bolmalydyr!
Arzygül AKMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.