Täze ruh, täze güýç, täze ynam bilen 2024-nji ýyla gadam basdyk. Her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrdy.
Beýik filosof we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda şahyryň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, ynsanlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak maksady bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hut şunuň esasynda, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmagyň özboluşly mazmuny bar. Täze ýylymyzyň şygarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alynmagy ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwydyr, göwün islegidir.
Şanly hem şatlykly günlere beslenip, halkymyzyň kalbyny buýsanç şuglasy bilen ganatlandyran Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ähli babatda ägirt uly üstünlikler gazanyldy, halkara hyzmatdaşlygynda belent sepgitlere ýetildi. Hut geçen ýylda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň, şonuň bilen birlikde-de, dünýäniň medeni ösüşine ýurdumyzyň goşýan beýik goşandynyň subutnamasydyr.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilendigini hem aýratyn bellemelidiris. Bu ykrarnama Magtymguly Pyragynyň belent sarpasynyň, dünýäde şan-şöhratynyň has-da belentdiginiň halkara derejesinde aýdyň beýanydyr.
Aýlar NEPESOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.