Siziň üçin...

Ýoluňyz ak bolsun, eziz körpeler!

24-05-2024 / 10

Şu günler gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde mekdebe çenli çagalar edaralarynda mekdep ýaşyna ýeten körpeleriň çagalar baglary bilen hoşlaşyk dabarasy bellenilip geçirilýär. Ýakynda şeýle dabara biziň çagalar bagymyzda hem uly ruhubelentlikde geçirildi. «Hoş gal, bagym» at bilen geçirilen dabara çagalar baglarynyň işgärleri, terbiýeçileri, täze okuw ýylynda ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek körpeler, olaryň ata-eneleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli Döwlet bilim standartyna laýyklykda, Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagymyzyň mekdebe taýýarlaýyş toparyndan ýörite barlagnamalar alyndy. Biziň çagalar bakja-bagymyzda körpelere döwrebap bilim we sagdyn terbiýe berildi, bilim ulgamynyň başlangyç tilsimleri we endikleri yzygiderli öwredildi. Bilim işgärleriniň tagallasy bilen alnyp barylýan aýdyň maksatly işlerde göwnejaý özgerişikler gazanyldy. Şonuň üçin hem çagalar bagymyzyň işgärleri öz terbiýe berýän körpelerine buýsanýarlar. Olaryň ýürek joşgunlaryna körpeleriň ata-eneleri hem ruhubelentlik bilen goşulýarlar. 

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim ulgamynyň ilkinji we esasy basgançagy bolan mekdebe çenli bilim maksatnamasy boýunça bilim bermek amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim degişli döwlet bilim standartlaryna esaslanýar. Bu talaplar biziň Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagymyzda hem berk berjaý edilýär.

Ajaýyp zamanamyzda ýaş nesliň sagdyn ösüşi, kämil sowatly hem-de sungat söýüji, watanperwer şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän şeýle uly mümkinçilikler üçin bolsa biz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys. Goý, ýurdumyzda çagalaryň bagtyýarlykdan joşan hoş owazlary hemişe Garaşsyzlyk mukamy bilen sazlaşyp ýaňlanyp dursun!

Şirin ARTYKOWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu