Halallyk, halal ýaşaýyş, halal gazanç, halal zähmet diýen düşünjeler biziň halkymyzyň gadymdan bäri ganyna, ruhuna, süňňüne siňen ajaýyp häsiýetlerdir. Ýaşaýyş-durmuşymyza ýazylmadyk kanun bolup ymykly ornaşan bu düşünjeler dogrusynda ata-babalarymyzdan miras galan rowaýatlara, tymsallara, çeper aýtgylaryna, nakyllardyr atalar sözlerine näçe diýseň gabat gelmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda hem “Eklenjiň yzyndan diňe halallyk ýeter”, “Halal zähmet – baky döwlet”, “Halal işle, haýyr tap”, “Halala hasap bar, harama – azap” ýaly paýhasly sözler özüniň mynasyp ornuny tapyp, bu eser ýaşlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdyr.
Alp Arslanyň, Görogly begiň, Gorkut atanyň, Däli Domrulyň halallyk, mertlik, ynsanperwerlik hakyndaky ýörelgelerini gursagynda şineleden, halal, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bu günki gün ýurdumyzyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Ine şol aýdyň maksat bilen hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary esasynda raýatlaryň, aýratyn-da ýaş raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, ruhubelent, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ilkinji ruhy gözbaş bolup hyzmat edýär. Ata-enäniň alan deri, halal zähmeti, ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin uly mekdepdir. Eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna bolsa agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek – birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr – kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk – häsiýetler mahsusdyr. Ynsan durmuşy, jemgyýetçilik ýaşaýşy, üstünlikleri adamlaryň watana, halka, işine wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýar. Halallyk – halal zähmet, ynsaplylyk, ýagşylyk, päklik ýaly düşünjeleriň kemala gelmegini aňladýar. Şonuň üçin hem, nesillermize halallygy öwretmek, halal ýola ugrukdyrmak, ýagty, bagtyýar gelejegiň binýadyny gurup bermekdir. Halallyga gol ýapyp, arassalygy, päkize ynsaplylygy durmuşa ornaşdyrmak päk maksada okgunly döwrebap şahsyýeti kemala getirmekdir. Pederlermiziň bize miras goýan “Halal zähmet – baky döwlet” diýen ýörelgesi arassa zähmete, halal gazanja uly hormat goýulmagyny, bagtyýar durmuşda halal zähmet çekmelidigini aňladýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Ýurdumyzyň raýatlaryny terbiýelemek üçin, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem, arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Enegül GELDIMURADOWA,
Daşoguz şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.