Siziň üçin...

Beýik söz ussadymyzyň döredijiligine sarpa

23-05-2024 / 77

Nusgawy edebiýatymyzyň meşhur wekilleriniň içinde XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen pelsepeçisi, akyldary Magtymguly Pyragy özüniň şygyrlary bilen halkyň arasynda uly şöhrat we meşhurlyk gazanan şahyrlaryň biridir. Beýik akyldar diňe kitaplara däl, eýsem, köňüllere dolan şahyrdyr. Magtymgulynyň sözleri her bir adam üçin gymmatly, çünki onuň setirlerinde milli ýörelgelerimiz, ruhubelentlik ýoly wasp edilýär. Sebäbi şahyryň her bir sözi ýüreklerde orun alýar.

Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň utgaşykly dabaralandyrylmagy aýratyn mazmuna eýedir. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde — festiwallarda, sergilerde, konsertlerde, döredijilik duşuşyklarynda, şygryýet agşamlarynda medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar üstünlikli çykyş edýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän çuňňur paýhasa ýugrulan eserleriniň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmekde, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde öňe sürülýän ynsanperwer ýörelgeleri çeper wasp etmekde döredijilik işgärleri uly işleri alyp barýarlar.

Ady äleme dolan beýik söz ussadymyzyň döredijiliginde, onuň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi, ýagny öwüt-ündewleriň şöhlelendiriliş ýagdaýyny yzarlamak, olary ylmy derňewe çekmek, jemgyýetçilige ýetirmek meselesi uly ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolupdyr. Onuň umman paýhasynyň baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize-bu güne çenli dilden düşmän gelýär.

Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Akyldar adamlaryň hemişe ýagşylyk etmeklerini, ejizlere hossar çykmaklaryny, il-günüň alkyşyny almaklaryny isläpdir. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Çünki Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi biziň üçin edep-terbiýe mekdebidir.

Öktem BABANIÝAZOW,
Lebap welaýatynyñ Çärjew etrabynyň 54-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu