Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik dowam edýär. 24-nji maýda bäsleşigiň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň bilelikdäki «paýhas hüjümi» breýn-ring bäsleşigi hem geçirildi.
Bu çäre akyl-paýhas hyzmatdaşlygy formatynda bolup, onda 1 sagat 30 minut diskussiýa, jemleýji teklibi taýýarlamak, ylalaşmak we gutarnykly görnüşde hödürlemek üçin goşmaça 30 minut berildi. Bu tapgyryň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog we hyzmatdaşlyk usullaryny hem-de olaryň görnüşlerini bilelikde hödürlemek bolup durýar.
Bu tapgyrda ýeňijiler kesgitlenmeýär. Diskussiýa işeňňir gatnaşyjylar, Jemleýji teklibiň mazmunynda pikirleri we teklipleri giňden şöhlelendirilen toparlar ýa-da gatnaşyjylar aýratyn bellenilip geçildi.
Bu çäräniň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselesini seljermek netijesinde, halkara subýektleriniň arasynda optimal dialog we hyzmatdaşlyk usullary hem-de olaryň görnüşleri boýunça pikir alyşmak, şeýle-de oňyn teklipleri hödürlemek bolup durýar.
Yhlas TORAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.