Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik öz işine başlady. Eýsem, bu halkara bäsleşige hemaýatkärlik edýän taraplar kimler?!
Halkara bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Demokratik partiýasy, Kärdeşler arkalaşyklary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, «Aýdyň gijeler», «Saraýan», «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýetleri, «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, «Abadan haly» AGPJ, «Awtoýoly», «Täç Hil», «Ak menzil», «Röwşen», «Bir kuwwat», «Altyn tug», «Kämil ussat», «Erkin gurluşyk», «Mary travel» hususy kärhanalary, «Halkara audit» okuw merkezi we ykdysady jemgyýeti, «Ýedi dogan», «Bürgüt», «Düwmejik», «Ada production» studiýalary hemaýatkärlik etdiler.
Şasoltan ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.