Siziň üçin...

Ak şäher — ak köňülleriň aýdymy

25-05-2024 / 19

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň şu günki ýeten belent derejesinde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň deňsiz-taýsyz hyzmatlarynyň, bitiren ägirt uly işleriniň, durmuşa geçiren taryhy taslamalarynyň, pähim-parasatynyň we ynam-yhlasynyň bardygyny bellemek biziň üçin uly buýsanç hem-de borçdur. Çünki mähriban ýurdumyzyň merkezini dünýäniň iň ajaýyp şäherine öwrüp, onda bagtyýar ýaşamak we önjeýli zähmet çekmek ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilmeginde, şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, keşbiniň döwrebap we milli derejede döwrebaplaşdyrylmagynda, hemme pudaklardaky okgunly ösüşlerini rowaçlandyrmakda eziz Arkadagymyz diňe bir Watanymyz boýunça däl, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem nusgalyk işleri amala aşyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Gahryman Arkadagymyzyň sungat eserine öwren ak şäheri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda güller bolup açylýan täze günleri başdan geçirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bedew batly ösýän Türkmenistanyň aýdyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegine ýokary ähmiýet berip, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, onuň düzümini kämilleşdirmegi amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlaryň biri hökmünde dowam edýär. Şeýle hem şäherlileriň ähli amatlyklaryň hözürini görüp ýaşamaklary we göwnejaý dynç almaklary üçin amatly şertleriň döredilmegini dowam etmegi öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydyr, şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek zerurdyr» diýen sözleri bolsa şäheriň has üstünlikli ösdürilmegine itergi berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Aşgabat şäherini hemişe üns merkezinde saklamagy, bu ýeriň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyndan, onuň gujagyna şowlulyklaryň hem rowaçlyklaryň goşa-goşadan geljekdiginden habar berýär.

Bina bilen taryh ýazyp, sungat döredip, döwlet guran, täze döwürleri döretmäge ak ýol beren Gahryman Arkadagymyzy, halkymyzyň  mertebeli menzillerini dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, öz paýtagtyny söýýän ähli watandaşlarymyzy we ähli paýtagtlylary şu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Goý, dünýä şuglasyny çaýyp oturan aňrybaş sungaty döreden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Goý, ak şäherimizi täzeden galkyndyryp, onuň ak bagtyny ak ertirlere alyp barýan  hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri rowaç alsyn!

Ene GURBANOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu