Dünýäde Türkmenistan diýen belent at tutulanda dessine Aşgabat seriňe dolýar. Bu günki gün Aşgabat şäheri özüniň milli we medeni aýratynlyklary bilen has-da tapawutlanyp, dünýäde uly gyzyklanma bildirilýän şäherleriň biri hökmünde seredilýär.
Aşgabat – Merkezi Aziýanyň merjen şäheri bolup, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty netijesinde bu günki gün ak mermerli Aşgabadyň binagärlik we gurluş aýratynlyklyklary, milli öwüşginleri has-da artýar. Bu günki bu döwrebap halkara derejeli desgalar toplumlarynda iri halkara forumlary, maslahatlar, medeni çäreler we beýlekiler guramaçylykly geçirilýär. «Dünýäniň iň belent flagştogy» hökmünde Döwlet Baýdagynyň belent sütüniniň, «Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimlerini özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher» hökmünde Oguz hanyň we onuň ogullarynyň heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimleri toplumynyň, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, «Aşgabat» Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň, «Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy» diýen ady bilen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň we başga-da birnäçe desgalaryň hem-de paýtagtyň çäginde bolup geçen taryhy wakalaryň Ginnesiň rekordlar kitabyndan öz mynasyp ornuny tapmagy paýtagtymyzyň binagärlik aýratynlyklarynyň ýokarydygynyň hem-de halkara derejeli iri çäreleriň geçirilýän merkezidiginiň ýene bir ýola subutnamasy bolup durýar. Ak mermere beslenen ajaýyp paýtagtymyz şular ýaly ençeme täsin binalar toplumlaryny özünde jemleýär.
Haçan-da, paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bellenilýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar türkmen halkymyza peşgeş beren «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň gatlaryny açanyňda, seni täsin jadyly dünýä gurşap alýar. Lowurdap duran binalaryň ajap keşbi, olary wasp edýän şahyrana jümleler döredijilik ylhamyňy artdyrýar. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu nurana paýtagtyň gujagynda erkana ýaşaýandygyňa bolan belent buýsanjyňy arşa göterýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwletli syýasaty netijesinde paýtagtymyzy ösdürmek toplumlaýyn esasda amala aşyrylýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň şähergurluşyk Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze keşbe, milli öwüşgine eýe bolýan Aşgabat gysga wagtda özüniň täze binalar toplumlary bilen paýtagta gelýän myhmanlary haýrana goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän paýtagtymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda has-da özgerýär.
Merdan ŞYHLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.