Çagalary goramagyň halkara gününiň milli senenamamyzyň şanly seneleriniň hataryna girizilmegi ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesliň hukuklary we bähbitleri babatda Milletler Bileleşiginiň esas goýujy kadalaryna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklap, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýär we özüniň ýaşajyk raýatlary üçin oňyn durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi sany zady ýüze sylmak parz hasap edilýändigi hakynda aýdylýar. Şol ýüze sylynýan durmuş pursatlarynyň biri hem täze dünýä inen çaga. Her bir zadyň öz görki bardyr. Öýüň görki, örki çagadyr. Maşgalanyň binýadynyň has-da berkemegi hem çaga baglydyr. Çaga — ynsanyň kalbyny, ömrüni, durmuşyny ýagtyldýar. Çagalaryň üýtgeşik, gyzykly, şadyýan dünýäsi kalbymyza ýakymlylyk, nuranalyk çaýýar.
Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim-terbiýe almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem-de manyly geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir. Dünýäni haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Gökdere» jülgesinde hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalarymyzyň müňlerçesi dynç alyp, öz saglyklaryny berkidýärler. Ýaş nesiller çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler.
Çaga dogry, kämil terbiýe bermeklik bolsa biziň bagtly garrylygymyzdyr. Çagalar biziň ertirki günümizi kesgitleýändirler. Nesil hakyndaky alada geljege ädilen batly gadam, bagtyýar geljegimizdir. Sagdyn, ruhubelent, edepli-ekramly nesilleriň ýörejek nurana ýollary şu günki beýik işler bilen binýat bolýar. Çagalarymyzyň zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegini gazanmak hem özümize baglydyr. Bilegiňe güýç berip, ýüzüňe nur çaýýanam, süňňüňi taplap, sagdyn edýänem zähmetdir. Çagalar, ýaşlar Watan öňündäki perzentlik borçlaryny halal zähmetleri, yhlaslary bilen ödemelidir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bagtly, bagtyýar çagalaryň mekanydyr. Halkymyzyň, bagtyýar çagajyklarymyzyň eşretli durmuşynyň dowamatyny dowamata öwürýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!