Ata Watanymyzda körpe nesilleriň sagdyn kemala getirilmegi, olaryň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy babatda alnyp barylýan işlere diňe bir terbiýeçiler däl, beýleki hünärlerdäki wekiller hem gatnaşýar. Çagalar bakja-baglarynda bilim işgärleri bilen bir hatarda tehniki işgärler, şepagat uýalary hem asylly zähmet çekýärler. Olaryň alyp barýan işleri hem çagalaryň sagdyn ösüşi we mekdebe taýýarlygy bilen baglydyr. Şonuň üçin hem bu ugurdaky hünärmenleriň başarnyklaryny artdyrmaga, olary has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrmaga we höweslendirmäge gönükdirilen guramaçylyk işlerine hem aýratyn orun degişli bolup durýar.
Ýakynda bolsa biziň zähmet çekýän çagalar bakja-bagymyzda «Bereketli türkmen saçagy» hem-de «Körpe nesilleriň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy» atly bäsleşikleriň Mary şäheri boýunça tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikleriň adyndan hem mälim bolşy ýaly, oňa çagalar bakja-baglarynyň aşpezleri we şepagat uýalary gatnaşýar. Bäsleşigiň şu okuw ýylyndaky tapgyrynyň biziň çagalar bakja-bagymyzda geçen tapgyryna hem ýokary ruhubelentlik we guramaçylyk mahsus boldy.
Bäsleşiklere şäheriň çagalar bakja-baglaryndan öz işine ussat aşpezler hem-de tejribeli şepagat uýalary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň barşynda edilen çykyşlarda bolsa ýurdumyzda çagalaryň eşretli durmuşy, olaryň talabalaýyk iýmitlendirilişi we sagdyn ösdürilişi dogrusynda bellenilip, düzgünnama esasynda şertler boýunça görkezmeleriň ýerine ýetirilişine syn edildi.Ýeňijiler dabaraly yglan edildi we sylaglanyldy.
Ýeri gelende bellesek, bäsleşigiň geçirilýän ýeri bäsleşikleriň mazmunyna laýyklykda bezelip, bu ýerde degişli ugur boýunça dürli eksponatlar sergilendi. Onda körpe nesliň saglygy hakyndaky aladalar, durmuşa geçirilýän beýik işler, hünäri kämilleşdirmäge gönükdirilen beýleki serişdeler bar.
Biz — bilim işgärleri bolsa çagalar bakja-bagymyzda mundan beýläk hem şeýle çäreleriň guramaçylyk geçirilmegi üçin mynasyp goşantlarymyzy goşmaga çalşarys. Şu günler bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus paslynda hem çagalaryň şadyýan sagaldyş-dynç alyşyny işjeň guramaga taýýarlanýarys. Çünki biziň ýurdumyzda asylly zähmet çekmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň üçin bolsa Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Mamagül HUDAÝBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň işjeň agzasy.