Siziň üçin...

Türkmenistan — ÝUNESKO: ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürip

22-05-2024 / 14

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda esasy hyzmatdaşlaryň biridir. Onuň maksady bilimiň, ylmyň we aragatnaşygyň esasynda adamlaryň aňynda parahatçylygy goramak, hoşniýetlilik, geçirimlilik pikirini oýarmakdan ybaratdyr. Ol dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde ýaşlara daýanýan guramadyr.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda guramanyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýasyna goşuldy. 1995-nji ýylda Parižde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Tähranda ýerleşýän klaster edarasy bu düzümiň Türkmenistan bilen alyp barýan işleriniň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dowamynda BMG-niň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň, «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalar, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr», «Repetek» goraghanalarynyň we «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bitarap ýurdumyz 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlansa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi hem aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi baş şäherimiziň özboluşly şähergurluşyk ýörelgeleriniň, bezeg aýratynlyklarynyň we adamlaryň ýaşaýşy, oňaýly dynç almaklary üçin döredilýän şertleriň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň, bu ugurdaky işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Geçen ýylyň ahyrynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen Türkmenistanyň teklip etmeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň halkara gatnaşyklarda öz mynasyp ornuny tapmaklary, şeýle-de dünýäniň ýaşlary bilen ylym, bilim, medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şunda geçen ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem möhüm ädim boldy. Munuň özi guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan gyzykly we geljegi uly taslamalara ýaşlary giňden çekmäge, olary höweslendirmäge ýardam berer. Bu üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň miweleridir.

Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşininň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu