Siziň üçin...

Ähli döwürleriň beýik şahyry

21-05-2024 / 12

Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Bu kitabyň ilkinji sany Gahryman Arkadagymyza iberildi. Döwlet Baştutanymyz bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli beýik söz ussadynyň nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Magtymguly Pyragy hakyndaky goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär.

Magtymguly parahatçylygyň, dost-doganlygyň ilçisidir. Munuň binagärlik sungatdaky şöhlelenmesine ýakynda şahyryň paýtagtymyz Aşgabatda açylan 60 metrlik ýadygärliginiň we dünýä medeniýetiniň parlak ýyldyzlaryny bir meýdança jemlän medeni-seýilgäh toplumynyň mysalynda hem göz ýetirdik. Onuň parahatçylyk baradaky düşünjesi adamyň içki ruhy rahatlygy we älem giňişligi bilen sazlaşykly ýaşamak pikirini öz içine alýar. Akyldar parahat durmuşy siwilizasiýalaryň gülläp ösmegi üçin esasy şertleriň biri hasaplap, oňa ýetmekde aň-düşünjäni baýlaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekýär. Şahyryň şygryýeti hak ýolundan azaşanlar ýa-da ykbal öwrümlerinden ýadanlar üçin ruhy goldaw berýän ýolgörkezijidir.

Häzirki wagtda Pyragynyň filosofik garaýyşlaryna örän wajyp orun degişlidir, çünki onuň şygryýetine ser salanyňda, şahyr biziň bilen şu günki adamzat nesliniň gabatlaşýan möhüm meseleleri barada gürrüňdeş bolýan ýaly duýulýar. Söz ussadynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenenimizde, onuň türkmen dilini ussatlyk bilen ulanandygyny, oňa mazmun taýdan täzeçillikler girizendigini, milli edebiýaty has kämilleşdirmekde we baýlaşdyrmakda uly goşant goşandygyny görýäris. Akyldar şahyryň metaforik hem-de frazeologik dilde beýan edilen ajaýyp pikirleri ähli nesiller üçin düşnükli we gymmatlydyr.

Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek, meşhur şahsyýetlerimiziň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny halkara derejesinde dabaralandyrmak babatynda beýik başlangyçlarynyň esasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmaty milli çäklerden çykyp, umumadamzat mirasynyň genji-hazynasyna öwrüldi.

Perman NOWBATOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu