Siziň üçin...

Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy

21-05-2024 / 37

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda, has takygy, 17-nji maýda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ajaýyp wakalaryň biri boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä ýaýylýar, köp sanly ylmy işler, makalalar çap edilýär. Bularyň ählisi akyldar şahyryň eserlerini öwrenmekde hem, dünýä ýaýmakda hem uly işlerdir, bahasyna ýetip bolmajak wagyz-nesihatdyr. Hormatly Prezidentimiz nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda şeýle belledi: «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pikirleri bilen berk baglydyr. Akyldar şahyryň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu günki bagtyýar döwrümizde hasyl boldy». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ähli ildeşlerimizi we dünýä halklaryny buýsandyran bu taryhy waka — «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly pikirlerinden gözbaş alýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň birnäçesiniň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi bolsa ýurdumyzda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň dabaralanýandygyny aýdyň subut edýär. Çünki halkara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde edebiýat we sungat eserleriniň, medeniýetiň ähmiýeti örän uludyr.

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterýän, söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!

Ogulkeýik AŞYRMÄMEDOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu