Siziň üçin...

Maglumat goraglylygynyň binýady

17-05-2024 / 6

Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň kämilleşmegi ynsan durmuşyny görnetin ýeňilleşdirdi. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçinem maglumatlaryň ygtybarly goralmagy döwletiň hem-de jemgyýetiň abadançylygynyň esasy şertleriniň biridir. Maglumatlary goramak bolsa «kiberhowpsuzlyk» diýlip atlandyrylýan ýörite ylma öwrüldi.

Kiberhowpsuzlyk — munuň özi internete birikdirilen enjamlaryň, programma üpjünçiliginiň we maglumatlaryň sanly dünýädäki howplardan goralmagydyr. Bu gün kiberhowpsuzlygyň gazananlary her bir adamyň şahsy maglumatlaryny goramakdan başlap, işewürlik we ylmy syrlary goramak, edara-kärhanalaryň hem-de gulluklaryň kadaly işini üpjün etmek ýaly köp ugurlarda peýdalanylýar.

Maglumatlaryň goragyny üpjün etmekde ýöriteleşdirilen gulluklaryňdyr düzümleriň alyp barýan işleri bilen bir hatarda her bir adamyň şahsy jogapkärçiligi hem örän möhümdir. Şol jogapkärçilik her birimiziň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanan mahalymyzda howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmegimiz bilen baglanyşyklydyr. Sanly tehnologiýalardan peýdalanylanda ygtybarly açar sözleri ulanmak, internet arkaly töleg amallaryny ýerine ýetirmegiň düzgünlerini berjaý etmek, wiruslara garşy programmalardan peýdalanmak, maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasyny saklamak, näbelli gelip çykyşly maglumat göterijilerden gaça durmak we beýlekiler degişlidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Maglumat howpsuzlygynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Sanly ulgam merkeziniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işi ýola goýlup, döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi degişli ugruň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etdi. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň internet ulgamyndaky wehimleriň öňüni almakda, jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň üpjün edilmeginde ähmiýeti uludyr.

Jeren BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Inžener-­tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzluk fakultetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu