Siziň üçin...

Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

17-05-2024 / 10

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda enäniň we çaganyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň we berkitmegiň, olary ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegiň, maşgala medeniýetini has kämil derejä ýetirmegiň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň aýrylmaz bölegidigi bellenilýär. Ilatyň ähli toparlarynyň durmuş ýagdaýyny, zenanlaryň, bäbekleriň, çagalaryň, ýetginjekleriň iýmitlenişini has-da gowulandyrmaga aýratyn üns berilýär.

«Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» eneleriň we çagalaryň reproduktiw sagdynlyga bolan hukuklaryny ykrar edýär we onda lukmançylyk kömeginiň üznüksizligine aýratyn üns berilýär. Munuň özi eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak bilen bagly meseleleri ilkinji gezek bir ýere jemlän strategik resminamadyr.

Dogrumdan öňki gözegçiligiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, göwreli aýallaryň prenatal skrining barlagyny geçirmek ýola goýuldy. Bu ugurda alnyp barylýan bejeriş-öňüni alyş işleriniň ählisi dogrumdan öňki gözegçiligi ýerine ýetirmegi we göwreli aýallara ideg etmegi ýaýbaňlandyrmakda gowy netijeleri gazanmaga, dogrumdan öňki gözegçiligiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de antenatal ideg boýunça beýanyň ähli talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Merkeziň akuşerçilik bölüminde dogumlaryň sany ýyl-ýyldan artýar we dogumlar (göwreli zenanlara, enelere we bäbeklere doglan pursadyndan başlap ýokary hilli kömek we ideg işleri) Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Howpsuz enelik» maksatnamasyndaky teklipler boýunça alnyp barylýar.

2016-njy ýyldan bäri «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünleri ýerine ýetirilýär. Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan bäbekleriň diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi boýunça iň ýokary görkezijilere eýe bolup, sebitiň beýleki ýurtlarynyň arasynda has ýokary depginde ösýär. Bäbekleriň we ýaş çagalaryň talabalaýyk we dogry iýmitlendirilmegi olaryň doglan pursadyndan başlap, üç ýaşa çenli beden hem-de akyl taýdan kadaly ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda bäbekleriň, ýaş çagalaryň iýmitlendirilişini kämilleşdirmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde «Çaga mähirli garaýyşly hassahana» diýen ady bermek başlangyjy ýurt derejesinde ýaýbaňlandyryldy. Bu innowasion çemeleşme saglygy goraýşyň ilkinji basgançagyndaky edaralarda hem ornaşdyrylýar.

Çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýan çagalaryň, röwşen geljegimiziň gurujylary bolan ýaş nesilleriň saglygy barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun! Goý, ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

Jemal ORUNOWA,
Darganata etrap hassahanasynyň çaga dogruş bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu