Siziň üçin...

Maşgala terbiýesiniň kämil ýörelgeleri

28-04-2024 / 6

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar.

Her bir maşgalanyň baş maksady hünärli nesli terbiýeläp ýetişdirmekdir. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Her bir enäniň esasy maksady — perzendini edep-terbiýeli ösdürip ýetişdirmek, ony ile goşmak. Şoňa görä-de, adam üçin ata-enesini razy etmekden, olaryň ynamyny ödemekden uly bagt ýokdur. Adam ömrüniň iň gymmatly günleri eneli-ataly pursatlarydyr, olar bilen bilelikde geçiren günleridir” diýip belleýär.

Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir.

Türkmen maşgalasynda gyzynyň hünärli bolmagy ugrunda alada edilipdir. Gyz maşgala ejesinden öwüt­-ündew alýar, oňa kiçilikden başlap, edep kadalary, öý-­hojalyk, tikin­-çatyn işleri öwredilýär. Halk arasynda «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz», «Enesini gör­de gyzyny al, gyrasyny gör­de — biýzini», «Gyzly öý ― gyzylly öý» diýlip aýdylyşy ýaly, terbiýe meselesinde zenanyň orny hem uludyr. Çünki zenan maşgala ojagyň söýesi hasaplanýar.

Türkmen halky nesil terbiýesine uly üns berýär. Milli edebiýatymyzyň gadymy sahypalary halkymyzyň nesil terbiýesine bagyşlanan edebi mirasy bilen ebedileşdirilendir. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözler, nakyllar, halkymyzyň durmuşyny, durmuş tejribesini, pelsepesini, dünýägaraýşyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän miraslar nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Türkmen halk döredijiligi ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda adamzat aňynyň synagyndan geçip, biziň günlerimize ýetipdir. Ol ruhy gymmatlyklar halkymyzyň şöhratly taryhy, dili, ýaşaýyş durmuşy, tebigat bilen gatnaşygy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Arzygül ORAZBERDIÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu