Çagalaryň aňly-düşünjeli we bilimli-terbiýeli ösüp ulalmagyna ýokary döwlet jogapkärçiligi nukdaýnazaryndan alnyp barylýan işleriň uzak geçmişli taryhyň dowamynda umumadamzat ösüşine saldamly goşant goşup, ýitmejek uly yz galdyran meşhur we parasatly ata-babalarymyzyň döreden hem-de miras galdyran milli ýörelgelerine daýanýandygyny bellemek gerek. Şeýle şahsyýetleriň biri-de Lukman Hekim ady bilen tanalýan Abu Aly Huseýn Ibn Abdylla al-Hasan ibn Ali ibn Sina.
Ibn Sinanyň lukmançylykda bitiren işleriniň uludygy barada häli-şindi nygtalýar. Ýöne onuň çaga terbiýesi barada esaslandyran ýörelgeleri hem-de goýup giden mirasy hem gymmatly hazyna bolup hyzmat edýär. Ol diňe lukman hökmünde däl, eýsem, terbiýeçi-mugallym hökmünde-de çaga terbiýesi hakynda inçeden pähimli maslahatlary beripdir. Ibn Sinanyň çaga terbiýesi hakynda pikirleriniň köpüsi çuňlugy, ynsanperwerligi, terbiýäniň çylşyrymly taraplarynyň dogry düşündirilýändigi bilen haýran galdyrýar.
Parasatly pederlerimiziň durmuş ýoly hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki bagtyýar döwrümizde eziz Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekde özboluşly mekdepdir.
Ogulbossan GURDOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.