Siziň üçin...

Saglygymyzy goramak üçin

15-05-2024 / 13

Saglygy, sagdyn durmuşy üpjün etmek üçin bu ugurdaky berilýän maslahatlary pugta berjaý etseňiz, elmydama ruhubelent hem işjeň bolarsyňyz. Saglygy goraýşyň sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde işläniňizde belli bir wagtda arakesme etmegi unutmaň! Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak has peýdalydyr.

Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen witaminlere baý önümler bilen köpräk iýmitleniň, arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmegi unutmaň! Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanman, lukmanyň maslahatyna eýerseňiz, saglygyňyza zyýan ýetmez. Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda kabul etmegi ýatdan çykarmaň!

Lukman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli içmek saglyk üçin bähbitlidir.

Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär. Tomsuň jöwzaly günlerinde Günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda gorag serişdesiz uzak wagtlap gezmegiň, işlemegiň hatarlydygyny ýatdan çykarmaly däl. Öýde we işde, ýolda iýmitleneniňizde iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny berjaý etmeli, iýmitleri diňe söwda merkezlerinden ulanyş möhletine ünsli bolup, satyn almaly, iýmitleriň öý şertlerinde hem talabalaýyk saklanmagyny üpjün etmeli.

Häzirki zaman lukmançylygynda näsaglary bejermekde we olaryň janyny halas etmekde gowy netijeli usullaryň biri gan we ondan öndürilýän, ganyň ýerini tutujy serişdelerdir. Sagdyn adamlar lukman bilen maslahatlaşyp, gan donary bolup bilerler.

Maýa GURBANOWA,
Darganata etrap hassahanasynyň 3-nji saglyk öýüniñ maşgala feldşeri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu