Dänew etrap Medeniýet öýünde welaýat onkologiýa hassahanasynyň hem-de Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda “Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreş“ biraýlygynyň çäklerinde “Howply keselden goranalyň!” ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa welaýat onkologiýa, Dänew etrabyndaky Garaşsyzlyk şäherçe hassahanalarynyň lukmanlary, bilim ulgamynyň wekilleri hem-de Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Galina Annaberdiýewa, Serdar Hajyýew, Nury Saryýew ýaly lukmanlary gatnaşdylar.
Öýkeniň täze howply döremeleriniň ir wagtyda öňüni almak maksady bilen geçirilen maslahatda myhmanlar bu keseliň häzirki zaman anyklaýyş we bejeriş usullary, şeýle-de onuň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini dogry alyp barmak dogrusynda giňişleýin wagyz etdiler. Çykyşlarda bellenişi ýaly, ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak boýunça ummasyz işler, zyýanly endiklere garşy göreşler giň gerimde alnyp barylýar. Has dogrusy, bu baradaky mesele ilkinji nobatda durýar. Munuň üçin ýörite „Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda “Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we bu Kanun hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyp, güýje girizildi. Kanun döwlet ähmiýetli, halk bähbitli bolup, onda adamlaryň saglygy, ömrüniň howpsuzlygy göz öňünde tutulan.
Neşekeşlik we çilimkeşlik adam bedenine özüniň heläkleýji täsirini ýetirýär. Çilim aşgazanyň, gyzylödegiň we öýkeniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Her ýylyň maý aýy bolsa bu howply kesellere, ýagny „Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreş“ aýy diýlip yglan edilýär. Şeýle-de olar zyýanly endikleriň adama edýän, esasan-da ýaş nesliň saglygyna ýetirýän zyýanlary, has dogrusy öýkeniň howply täze döremelerine sebäp bolup bilýändikleri barada aýratyn belläp geçdiler. Öýkeniň rubesli sowuklamasy we onuň wagtynda bejergisiz galmagy hem bu keseliň sebäbi bolup bilýändigini duýduryp, öňi alynmadyk ýagdaýynda onuň maşgala agzalaryna hem ýokup bilýändigini aýtdylar. Şonuň üçin hem olar bu howply kesel bilen ildeşlerimizi bilelikde göreşmäge we öňüni alyş çärelerini geçirip durmaga çagyrdylar.
Tahyr HUDAÝBERENOW,
Dänew etrabyndaky Garaşsyzlyk şäherçe hassahanasynyň onkolog lukmany.