Siziň üçin...

Baýdak — buýsanç we mertebe

14-05-2024 / 6

Türkmenler öz baýdagyna hemişe aýawly garapdyrlar. Milli taryhymyzda  çuňňur köklere eýe bolan mukaddes tug halkyň özygtyýarly, özbaşdak döwlet ösüşine, syýasy taýdan öz-özüňi kesgitlemäge hem-de öz durmuş-ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar.

Özygtyýarly we milli döwlet bolmaklygyň baş hem-de iň ilkinji nyşany bolan döwlet Baýdagy mukaddesligiň gözbaşydyr. Oňa tagzym edilýär, oňa uýulýar we oňa buýsanylýar. Bu milli mukaddeslik özüniň al-asmanda pasyrdaýşy ýaly, oňa tagzym eden her bir adamyň ruhuny hem öz derejesine göterýär. Türkmen halkynyň ar-namysy derejesine göterilen milli Tugumyz bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly  Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, dünýä halklary bilen ygtybarly dostluk-doganlyk we deň bähbitli hyzmatdaşlyklaryny, şeýle hem türkmen ýaşlarynyň ýiti zehinini, gujur gaýratyny, yhlasly zähmetini, güýç-kuwwatyny äleme ýaýýan gymmatlyk bolup pasyrdaýar. Türkmen ýaşlary geçirilýän her bir halkara derejeli bäsleşiklerde ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, gazanan ýeňişleri bilen Watanymyzyň adyna at, şöhratyna şöhrat goşýarlar. Elbetde, dünýä ýurtlarynda ýeňiş gazanyp, şol döwletlerde ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmaklyk munuň özi iň belent mertebedir.

Döwlet nyşany milli äheňler hem-de ruhy gymmatlyklar bilen sazlaşykly utgaşyp, çuňňur mana eýedir. Ýaşyl tugda türkmen halysynyň gölleri, doganlygy hem-de agzybirligi, täzelenişi we ýaşaýşy alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý ýerleşdirildi. Biziň ýaşyl Tugumyzyň owadanlygy, ondaky türkmen gölleri islendik adamy özüne çekip bilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen eýýäm ençeme ýyldan bäri Döwlet baýdagymyzyň gününi Esasy Kanunymyzyň güni bilen bilelikde belleýäris. Pikirleriň birleşip, has kämil pikire, akabalaryň birleşip joşly derýa, derýalaryň birleşip deňze öwrülişi ýaly, iki mukaddeslik ― ýaşyl Tugumyz we Konstitusiýamyz birleşip, has uly şana, has uly baýrama öwrüldi. Maýyň 18-nji gününiň goşa ganaty bar. Şol ganatlaryň her haýsy aýry bir mukaddeslik, aýry bir belentlik.

Gunça HATAMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu