Siziň üçin...

Halklary we döwürleri birleşdirýän akyldar

11-05-2024 / 6

2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleri: ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary, dürli döredijilik çärelerini, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, onlaýn tertipde ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary täzeçe öwüşginde ýaňlanyp, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrüldi. Beýik akyldar şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdyr we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär.

Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň ählitaraplaýyn öwrenilmegi, seljerilmegi we giňden wagyz edilmegi üçin döwlet derejesinde ähli şertler döredilýär. Alymlaryň, bilermenleriň tassyklamaklaryna görä, onuň döredijiligi adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryny aýdyň beýan edýändigi, sadalygy, milliligi, öz döwrüniň jemgyýetiniň keşbini şöhlelendirýändigi üçin türkmen halkynyň ruhy-medeni ösüşinde mynasyp orny eýeleýär. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabadyň günorta künjegindäki Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagyna garaşylýan häzirki günlerde akyldaryň zamananyň ösüşine, halklary, döwürleri we nesilleri birleşdirmäge goşan goşandyna düşünmäge oňaýly täsir edýär.

Magtymgulynyň döredijiligi halkyň ruhy dünýäsiniň many-mazmunynyň baýlaşmagyna oňyn täsir edýän paýhas çeşmesidir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halklary, döwürleri we nesilleri birleşdirýär, olaryň gözýetimini giňeldýär.

Aziza ROZIMOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu