Siziň üçin...

Zenan mertebesi — zynat

10-05-2024 / 15

Zenana, enä hormat goýmak gadymy däplerimiziň biridir. Ilhalar perzentleri ýetişdirýän eneleriň il içinde sarpasy belentdir. Halkymyzyň baý taryhyna göz aýlanymyzda, türkmen zenanlarynyň mertebesine, beýik ykbalyna buýsanýarsyň.

Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn ata çykyp, söwer ýaryny ýesirlikden boşadan, il-gününe hemaýat eden gaýratly zenan hökmünde taryha giripdir. ХI asyryň ahyrlarynda, ХII asyryň başlarynda ýaşap geçen Seljuk türkmenleriniň soltany Soltan Sanjaryň aýaly Türkan hatyn adamsyna döwleti dolandyrmakda, ýurduň medeniýetini ösdürmekde ýakyndan ýardam beripdir. Asyllylygy, parasatlylygy, söze çeperligi bilen uly hormata mynasyp bolan Mähesti şahyr, ХV asyrda ýaşap geçen Mähri hatyn ýaly ajaýyp zenanlarymyz şygyrlary bilen edebiýatda mynasyp yz galdyrypdyrlar.

„Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz. Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz“ ýaly nesilme-nesil geçip gelýän pähimler terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ýollaryny goýupdyr. Edep-terbiýe meselesinde gyz maşgalanyň terbiýesi aýratyn orun eýeleýär. Gyz perzent dünýä inenden, onuň edep-terbiýesine ünsli garalýar. Gyz maşgala işe ýarandan, el işine ünsi gönükdirmek hem milli terbiýeçiligiň bir usulydyr. Çünki, juda inçe, çylşyrymly çekilýän keşdeler ünslüligi, sabyr-takatlylygy, agraslygy hem terbiýeleýär. Şol bir wagtda bu iş çaganyň çeper döredijiligini, ukyp-başarnygyny, owadan, gowy zady saýlap bilmek, geýinmek medeniýetini hem ösdürýär. Milli el işleridir öwütler bilen terbiýelenen gyz maşgalalar biri-biri bilen bäsleşip, kämil nusgalar döredipdirler. Kemine şahyryň “Meniň dilim, seniň eliň hünäri; Nusga bolup gezer ilden-illere” diýen setirlerinde on barmagyndan dür dökülýän gözelleriň el hünärini çeper döredijiligiň naýbaşysy bolan şygyr sungaty bilen deňemeginde uly many bar.

Terbiýäniň iň ýagşysynyň görelde görkezmekdigine esaslanýan milli terbiýeçilik ýörelgelerimiz bar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle görkezýän nusgalyk göreldesi her birimiz üçin ýörelgedir. Maşgalanyň we döwletiň esasy aladasy ýaş nesli beden we ruhy taýdan kämil, medeniýetli bolmagy we  oňat bilim almagy üçin şertleri döretmekdir. Terbiýe meselesinde milli terbiýeçilik ýörelgelerimize esaslanmak, ýaş nesli ahlak gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, şol bir wagtyň özünde hem döwür bilen sazlaşykly ösüp, häzirki zaman halkara jemgyýetçiliginiň gazananlaryny tejribede netijeli peýdalanmak arkaly körpe we ýaş nesillerimizi döwrebap terbiýelemek her bir maşgalanyň hem-de döwletiň gaýragoýulmasyz wezipesi bolup durýar.

Ogulşeker GURBANMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu