Siziň üçin...

Demir ýol ulaglarynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak

10-05-2024 / 8

Türkmenistanyň ulag ulgamynda demir ýol pudagy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Demir ýol döwlet, halk we oba hojalyk, şeýle-de goranmak maksatly meseleleri ýaly möhüm ähmiýetlere eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ilerlemeginde halk hojalygynyň beýleki birnäçe pudaklarynda bolşy ýaly, ulag ulgamynda, şol sanda demir ýol pudagynda hem uly işler amala aşyrylýar. Birnäçe demir ýol şahalarynyň, ulag geçelgeleriniň gurluşyklarynyň tamamlanmagy bilen, häzirki döwürde-de birnäçe ýerlerde demir ýol gurluşygy alnyp barylýar we ykdysady maksatnama laýyklykda, ýakyn ýyllarda hem birnäçe demir ýol şahalarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy hem-de iri ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýlelikde, geçen ýylyň 15 — 17-nji noýabrynda paýtagtymyzda “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa” (CASCA+) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Häzirki wagtda “CASCA+” geçelgesi 3 sebiti — Merkezi Aziýany (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkazy (Azerbaýjan, Gruziýa), şeýle hem Anadoly sebitini (Türkiýe) öz içine alýar.

Bulardan başga-da, ýurdumyzyň ähli ýerini gurşap alan bu pudakda we onuň ýol kärhanalarynda desgalary we ulaglary döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek babatda hem uly işler alnyp barylýar.

Ulag ulgamynyň işini dolandyrmakda hemişelik desgalaryň hatarynda ýol desgalary (demir ýoly, awtomobil ýoly, emeli desgalar we başgalar) aýratyn orna eýedir. Ulag ulgamynyň esasy borjy halk hojalygynyň we ilatyň ýük daşamakdaky we ýolagçy gatnatmakdaky zerurlyklaryny öz wagtynda, ýokary hilde we doly kanagatlandyrmak, ulag işiniň hilini we ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşdyrylýar.

Ulag serişdeleriniň aşagynda işleýän ýol desgalarynda dürli häsiýetli güýçleriň esasynda, dartgynly ýagdaýlaryň ýüze çykmagynda maýyşgak we galyndy deformasiýalar peýda bolýar. Şonuň üçin bellenen depginlilik, kesgitlenen tizlik we hereket edýän düzümlerden ýola düşýän agyrlyk bilen otlularyň dyngysyz we howpsuz hereketini üpjün etmek, şeýle-de esasy tehniki serişdeleri we ulag birliklerini peýdaly ulanmak ýokarda agzalan desgalaryň ýagdaýyna bagly bolup durýar.

Ýol hojalygynda ýoluň gurluşy, ony saklamagyň we abatlamagyň usullary, şeýle-de bu hojalygy ýöretmekligiň gurnalyşynyň kämilleşdirilmeginiň depgini, bu ulgamyň beýleki pudaklarynyň ösüş depgininden ýokary bolmalydyr. Munuň sebäbini hereketi ýeterlik derejede guramak üçin zerur bolan ähli desgalaryň bu pudagyň garamagyna degişlidigi bilen düşündirmek bolar.

Ýakynda paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň geçirilmegi bu pudagyň halkara derejede üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň beýanydyr. Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

Annamuhammet GURBANDURDYYEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demirýol fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu