«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda Türkmenistan ilatyň saglygyny goramak we berkitmek babatda örän uly üstünlikleri gazanyp, dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň hem-de onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) giň goldawyna mynasyp boldy. Ýurdumyz bu guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, 8-nji maýda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Munuň özi çagalar hakda döwlet derejesinde uly alada edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan pul serişdeleri yzygiderli gelip gowuşýar. Bu serişdeler howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. 2021-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglary, Mary welaýat çagalar hassahanasyna “Savina” kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat berildi. Şu ýylyň aprelinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine iki sany “Dialog+” kysymly emeli böwrek enjamy-da sowgat hökmünde gowşuryldy.
Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek üçin serişdeleriň bölünip berilmegi, bejergi çykdajylarynyň tölenilmegi, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän, bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin degişli lukmançylyk enjamlarynyň satyn alynmagy asylly däbe öwrüldi. Ynsanperwerlik kömeginiň diňe bir Türkmenistanyň çagalaryna däl, eýsem, köp sanly dostlukly döwletleriň çylşyrymly durmuş ýagdaýynda galan çagalaryna-da berilýändigini bellemek gerek.
Bu beýik işler halkyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar.
Baýramgözel BAKYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ mugallymy.