Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gysga döwrüň içinde asyrlara barabar işler edildi. Ýurt baştutanymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny göz öňünde tutup, döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmagy, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeniýet taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakda alyp barýan tutumly işleri, belent maksatly özgertmeleri biziň her birimiziň geljege bolan ynamymyzyň artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň: „Döwlet adam üçindir!“ diýen giň maksatnamalaýyn şygary astynda ajaýyp durmuşyň eşretini görýän halkymyz häzirki döwürde taryhy pursatlary başdan geçirýär. Ýetilen sepgitler, beýik özgertmeler türkmen halkymyzy täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gülläp ösýän ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmek, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz sport ulgamynda uly özgertmeleri amala aşyrýar. Atçylyk sportuna, saglyk ýoluna ýörişlere, welosipedli ýörişlere, sport toplumlarynda geçirilýän çärelere hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy biziň her birimiz üçin görelde mekdebidir.
Ýurdumyzda halkyň ahlak arassalygyna, ruhy we beden sagdynlygyna howp salýan ýaramaz endikleriň garşysyna aýgytly göreş alyp barmak dogrusynda giňişleýin işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrmak, ýaşaýyş şertleriniň has-da ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän ösüşler biziň ýurdumyzda adam baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýan edýär. Döwletimiziň bu ýol-ýörelgäni içeri we daşary syýasatyny esasy ugur edip almagynyň özboluşly sebäbi bar. Çünki jemgyýetiň sagdynlygy — ýurduň abadanlygy.
Parahat AZIMOWA,
Dänew etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň sanitariýa lukmany.