Siziň üçin...

Beýik akyldara bagyşlanan çeper okaýyş bäsleşigi

09-05-2024 / 6

Ýakynda 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de bu şanly ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde toýlamak maksady bilen   «Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetiniň taryhynda» atly çeper okaýyş boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ol Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäher Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde guraldy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan zehinli mekdep okuwçylary, çagalar akyldar şahyryň goşgularyny çeper we labyzly okamak boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşanlara TMÝG-niň etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Tawus Aşyrowa, Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäher Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Bossan Janmyradowa mynasyp baha berdiler.

Şeýlelikde, çeper okaýyş döredijilik bäsleşiginde 1-nji orna etrapdaky 25-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülnur Mämmedowa, 2-nji orna 25-nji orta mekdebiň  okuwçysy Aýnur Mämmedowa, 3-nji orna 25-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülbahar Bagşyýewa mynasyp boldy. Ýeňijilere etrap Ýaşlar guramasynyň sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda we höweslendirmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny belläp geçmek gerek.

Aýjennet HYDYROWA,
TMÝG-niň Tagtabazar etrap Geňeşiniň  guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu