Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende götermek, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurdan birnäçe bäsleşiklerdir ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle ýaryşlaryň biri ýakynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 1-nji orta mekdebinde «Sport — ajaýyp döwrümiziň ýaraşygy» ady bilen sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda guralýan bu sport ýaryşynyň baş maksady ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmakdan, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmekden, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmekden ybaratdyr.
Sport ýaryşy ýaşlaryň beden taýýarlygynyň, sport tejribesiniň ýokarydygyny subut etdi. Turuwbaşdan ruhubelentlige beslenen ýaryş örän çekeleşikli geçip, ýaşlar öz ukyp-başarnyklaryny çalasynlyk hem ezberlik bilen açyp görkezdiler. Ýaryşda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Aýjennet Hydyrowa, 1-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Aýbahar Ýazmuhammedowa, Tagtabazar etrap Bilim bölüminiň hünärmeni Gyzylgül Ýazgulyýewa adalatly eminlik etdiler.
Şeýlelikde, sport ýaryşynda 1-nji orna 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Sylapjan Döwletgeldiýew, 2-nji orna 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Seýitnazar Annamyradow, 3-nji orna 1-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Ýusup Öwezberdiýew mynasyp boldular. Ýeňiji bolan türgen okuwçylar etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan höweslendirildi.
Wepa BERDIGYLYJOW,
TMÝG-niň Tagtabazar etrap Geňeşiniň işgäri.