Şu ýyl Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna 79 ýyl dolýar. Bu tutuş bir ynsanyň ömrüne deň diýen ýaly. Şahyryň belleýşi ýaly, uruş ýyllaryny ýatlamak kyn, ýatlamazlyk mümkin däl. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş dünýäniň parahatçylyk söýüji halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň gije-gündiz arman-ýadaman çeken zähmetleriniň netijesidir.
Ýurdumyzda uruş weteranlary aýratyn üns we alada bilen gurşalyp alnandyr. Watana çyn ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezen gahrymanlarymyz ýurdumyzda geçirilýän beýik özgertmelere buýsanyp, täze eýýamda döwür-döwran sürýärler. Hormatly ýaşulular, eneler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde görelde mekdebi bolup durýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet aga hem uruş ýyllarynda Watany goramakda görkezen şahsy edermenligi üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Edermenligi üçin» diýen medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, uruşda wepat bolan watandaşlarymyz Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýlip yglan edildi. Olaryň ýagty ýadygärligine, mukaddes ruhuna bagyşlanylyp, «Hatyra» kitaby neşir edildi. Ýeňiş bilen öz mähriban ojaklaryna dolanyp gelen gerçeklerimiziň hatyrasyny belent tutmak maksady bilen bolsa, olaryň atlary ýazylan alty jiltlik «Şöhrat» kitaby çap edildi.
Türkmenistan — parahatçylyk söýüji, asuda ýurt. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen türkmen halky dünýä halklarynyň abadançylygyna, dost-doganlygyna ýol açýan beýik milletdir. Şeýle bagtly günlere ýetiren Watan gahrymanlaryna ebedi şöhrat bolsun! Il-ulsy üçin doglan Watan gahrymanlary unudylmaz, olar hemişe halkyň ýüreginiň töründen orun alar.
Göwher AÝMÄMMEDOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.