Nusgawy edebiýatymyzyň şygyr hazynasyna, dünýä edebiýatyna, onuň miras baýlygyna özleriniň özboluşly, milli we halky häsiýetli döredijilikleri bilen mynasyp goşant goşan şahsyýetlerimiz munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şu ýylymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana setirlerine salgylanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi Watanyň ykbaly hakynda çyn ýürekden yhlas eden türkmen halkynyň watançy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanandyr.
Magtymguly Pyragy — bu bir özboluşly dünýä. Oňa düşünmek üçin şahyryň ruhy dünýäsine özi bolup aralaşmaly. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ХVIII asyr türkmen halky üçin iň kyn döwürleriň biri boldy. Şol döwürde türkmen edebiýatynda we medeniýetinde düýpli özgerişlik bolup, beýik akyldaryň döredijiliginde öňki döwürdäkä meňzemeýän täze ugur peýda boldy. Esasan hem onuň goşgularynda watançylyk, dost-doganlyk duýgusy has ösdi we güýçlendi.
Watanyň gadyryny, keramatyny Watandan jyda düşenden soramaly. Sebäbi olara ynsanyň iň gymmatly baýlygy, ruhuň daýanç sütüni bolan Watanyň kemlik edýändigi söz ussadynyň döredijiliginde aýdyň şöhlelenýär. Magtymguly Pyragy hem: «Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, // Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy» diýipdir.
Magtymguly Pyragy ähli gowulyklaryň Watanda jemlenýändigini, ähli kişi üçin hem öz iliniň, öz Watanynyň ýagşydygyny «Gymmat ýagşydyr» atly goşgusyndaky «Her kimiň öz ýeri — ilat ýagşydyr» diýen setirlerinde beýan edipdir.
Magtymgulynyň diňe bir halkyň, milletiň däl-de, tutuş adamzadyň manyly hem parahat ýaşaýşynyň kepili bolan dostluk, doganlyk, ula hormat, kiçä söýgi, Watany, ene topragy, milletiňi janyňdan ileri tutmak ýaly ahlak gözelliklerinden söz açýan şygyrlary diýseň kän. Şol goşgularda Magtymgulynyň çuňňur filosofik dünýäsi we ylmy garaýyşlary seljerilýär, ägirt uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan bu eserlerde Watana bolan öçmejek söýgi, geljekki ýeňişlere egsilmez ynam, halkymyza mahsus maksada okgunlylyk çeperçilik bilen beýan edilýär.
Magtymguly Pyragynyň dagdan şaglap inýän täsin dury çeşme kimin teşne kalplara dolýan şygyrlarynyň aňyrsynda ýürekleri ýyladýan yssy mähir ýatyr. Bu diňe şygryýet däl, il-ýurt aladasyny gerdenine atan ynsanperwer şahsyýetiň süýji arzuw-umytlaryndan dörän ajaýyp sungat eseri.
Jahan ALTYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.