Konstitusiýa adamyň we raýatyň hukuklarynyň many-mazmunyny çuňlaşdyrýar, olaryň ösmeginde, kämilleşmeginde esasy binýat bolup durýar. Esasy Kanunymyzda her bir adamyň dynç almaga, ýaşaýyş jaýyna, saglygyny gorap saklamaga, jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata, bilim almaga we medeni durmuşa gatnaşmaga bolan hukugy hem-de raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugynyň bardygy beýan edilýär. Konstitusiýamyzyň 4-nji maddasyna şeýle bellenilýär: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar».
Hukuk döwletimizde her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, şol sanda onuň kepilligini ýokarlandyrmakda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary wezipesine girişen ilkinji gününden başlap öňe sürmegi, ýurdumyzda asudalygy, agzybirligi üpjün etmek, Watanymyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan ýaşaýşy, röwşen geljegi bilen bagly kanunçylygy hem-de hukuk tertibini berkitmek barada edýän talaplary we parasatly hukuk syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýän eziz Diýarymyzda adam hukuklarynyň goraglylygynyň başlangyç esaslaryny emele getirýär.
Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, olaryň durmuşa geçirilmeginiň we ygtybarly goragynyň esas goýujy başlangyçlary, şol sanda adamyň şahsy eldegrilmesizliginiň, erkinliginiň, at-abraýynyň we mertebesiniň ýokary kepillikleri babatda berkidilen ynsanperwer kadalar, Garaşsyz döwletimiziň halkara resminamalary esasynda öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny we Konstitusiýamyzyň kadalarynyň halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny görkezýär.
Esasy Kanunymyzyň kämilligi, Döwlet baýdagymyza goýulýan aýratyn hormat-sarpa, halkara bileleşiginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyza bolan dostlukly garaýyş hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenjekdiginiň mizemez kepilidir.
Aýmyrat ATAÝEW,
Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.