Häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan dürli baýramçylyklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň sport ýaryşlary, köpçülikleýin ýörişler bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem oňa bagtyýar raýatlarymyzyň uly höwes bilen gatnaşmaklary sport, Olimpiýa hereketiniň halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýändigini, oňa eýerýänleriň sanynyň barha artýanlygyny alamatlandyrýar.
Şeýle sport ýaryşlary Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebinde hem geçirilip, ol uly ruhubelentlige beslendi. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda «Dana Pyragynyň öwütleri nesilleri sagdyn durmuşa, watansöýüjilige we agzybirlige çagyryşdyr» diýen at bilen geçirilen sport ýaryşlary şanly ýylymyza bagyşlandy.
Ýaryşlar sportuň dürli görnüşleri boýunça guralyp, oýunlaryň dowamynda türgenler çalasyn we ynamly hereketleri bilen sport ussatlyklaryny görkezdiler. Sport ýarryşlaryndaky duşuşyklaryň täsiri biri-birinden tapawutlandy.
«Pahim-paýhasy Magtymguly Pyragy» ýylynda ýörite meýilnama esasynda guralan sport ýaryşlaryny geçirmegiň baş maksady şanly ýylymyzy has-da dabaralandyrmakdan, ýaşlaryň beden taýýarlygyny we sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Ýaşlar ýaryşlarda ýokary netijeleri eýelediler. Türgenler ýurdumyzda sport we sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde taýsyz tagallary edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň täze milli ulgamy, döwrebap nusgasy döredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tutuş halkymyza nusga alarlyk görelde görkezýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesi we sport bagtyýar döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Güljahan NURMYRADOWA,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň hünermeni.