Siziň üçin...

Hiç kim ýatdan çykarylmaýar!

9-njy maý — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni

07-05-2024 / 5

9-njy maý — ähmiýetli we mukaddes baýramlaryň biri. Ýeňiş güni — ynsanyýetiň parahatçylyk söýüjilik, dostluk baradaky duýgy-düşünjelerini has-da rowaçlandyrýan, ýaş nesillerde watansöýüjiligiň belent nusgasyny terbiýeleýän senedir. Watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan uly sarpa bolsa bu günki gün türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar.

Taryha ýüzlenenimizde, XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň gazaply wakalaryna çuňňur aralaşýarys. Şol wakalary gören adamlar bolsa barha azalyp barýar. Ýöne ýowuz uruş baradaky ýatlamalar unudylmaýar. Şol ýyllarda urşa gatnaşan ildeşlerimiz agyr synaglara döz gelip, Beýik Ýeňiş üçin batyrgaý söweşdiler, tylda zähmet çekenler bolsa uly edermenlik görkezdiler. Müňlerçe türkmen esgerleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde edermenligi, gaýduwsyzlygy hemra edinip, janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny bellemeli. Onuň ömür ýoly türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi.

Adamzadyň taryhynda gazaply uruşlaryň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesi orden-medallar bilen sylaglanyldy. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy bolsa «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldy. Watanymyzyň azatlygyny, abadançylygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy we olaryň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly neşirlerde ebedileşdirildi.

Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzda milli gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklerde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watanymyzyň edermen gerçeklerine hormatyň nyşany hökmünde gül desseleri goýulýar. Biz şol gün ähli doganlyk halklar bilen birlikde urşuň agyr synaglaryna mertlik bilen döz gelen Watan gerçeklerimizi ýatlaýarys. Şu mynasybetli watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni-jemgyýetçilik çäreler, beýik işlere ruhlandyrýan dabaralar geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Munuň özi uruş weteranlaryna goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Sülgün AKMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu