Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy bagtyýar geljegi gurmagyň ýolunda üstünlikli ädimleriň aýdyň görkezijisi bolmak bilen, bilimler we ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Mekdep okuwçylarynyň halkara bäsleşiklere, internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, dürli derejedäki medallara mynasyp bolmaklary munuň aýdyň güwäsidir.
Her ýyl döwlet derejesinde dürli ugurlar boýunça ders we taslama olimpiadalary, döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň hatarynda “Altyn asyryň altyn zehinleri”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşikleri görkezmek bolar. Geçen ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp guralan çäreleriň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — ylham çeşmämiz» ady bilen döredijilik bäsleşigi we beýleki çäreler geçirildi.
Her ýyl birinji synp okuwçylarynyň ählisine “Bilimli” atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr. Resmi maglumatlara salgylanyp aýtsak, geçen ýyl birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 153 müň 353-sine ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat berildi.
Bilim edaralary many-mazmun, bilim-terbiýe berijilik taýdan ýokary hilli okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Okuw maksatnamalaryna laýyklykda, kitaplaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna, gazet-žurnallar arkaly bilim işinde halkara tejribäniň öwrenilmegine hem-de okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrundaky beýik başlangyçlaryna eýermek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Bu işler ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemäge, döwletimiziň pajarlap ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda asylly maksatlary amala aşyrmaga ýardam eder.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny depginli ösdürmekde uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn, janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Şöhrat ṢAMMYÝEW,
Halaç etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni.