Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň çäklerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Oňa immunolog lukmanlar işjeň gatnaşyp, köpçülikleýin jemgyýetçilik ýerlerinde waksinalary ulanmaklygyň ähmiýeti barada giňişleýin düşünje bermek boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.
Hepdeligiň çäklerinde ýurdumyzda raýatlaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada düşünjeleri kämilleşdirmek, mundan beýläk hem ilatyň, hökimet edaralarynyň we jemgiýetçilik guramalarynyň bu işlere ünsüni çekmek maksady bilen Türkmenabat şäher saglyk öýlerinde “Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň immunizasiýa hepdesi” geçirilýän döwründe ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti we zerurlygy barada, geçirilýän çäreler barada telefon arkaly maslahat bermek üçin “gyzgyn aragatnaşyklary” we maslahat beriş otaglary gurnaldy. Çäklere degişli ýerlerde ýaňy doglan bäbeklerden başlap, 15 ýaşly we 25 ýaşly raýatlaryň sanjym statusyny seljerip, olaryň öňüni alyş sanjymlaryny alandygyny anyklamak boýunça barlaglar geçirilýär. Dürli sebäplere görä keseliň öňüni alyş sanjymlaryny almadyk çagalary anyklanylyp, sanjym statusyna baha berip, olara Milli sanjym tertibine laýyklykda sanjymlama geçirilýär. Şeýle-de şu günler waksinalar arkaly öňüni alyp bolýan ýokanç keselleri we immunizasiýa (şeýle hem täze waksinalar)barada, ilat arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti boýunça wagyz-nesihat etmegiň usullary barada lukmanlaryň (şepagat uýalarynyň, şepagat doganlarynyň) arasynda amaly okuw sapaklary geçirilýär. Ýerli edara kärhanalarda mekdep mugallymlarynyň, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň arasynda waksinalar bilen öňüni alyp bolýan keseller barada we sanjymlamanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat edilýär. Ilatyň köpçülikleýin ýygnalýan ýerlerinde “Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti” barada radio arkaly çykyşlar berilýär. Bulardan başga-da, wagyz-nesihat maslahatlarda saglygymyzy goramak we dürli keselleriň öňüni almak boýunça berjaý edilmeli düzgünler barada hem ündewler geçirilýär.
Ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirmek üçin ýokary hilli waksinalar ÝUNISEF tarapyndan alynýar we olaryň daşalyşyna, saklanyşyna, ulanyşyna gözegçilik edilýär. 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda ABŞ-nyň 83 million dollaryna barabar sanjym we sanjym enjamlaryny satyn almak boýunça bäş ýyllyk meýilnama gol çekildi.
2019-njy ýylyň maýyndan başlap keselleriň öňüni almak boýunça sanjymlaryň tertibine ýene-de 3 keseliňki goşuldy. Häzirki wagtda bu tertibi jemi 14 ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomielite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokokk we rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar düzýär. Bellenilşi ýaly, ýurtda çagalara we uly ýaşly adamlara öňüni alyş sanjymlaryny yzygiderli mugt geçirmek üpjün edilýär. Immuno öňüni alyş işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň hem-de muňa ilatyň işjeň gatnaşmagynyň netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemegiň pes derejesine ýetildi.
Ilatymyzyň bökdençsiz saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilmegi, ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň meýilnama esasynda we goşmaça gerek bolan öňüni alyş sanjymlary meýilnama laýyklykda üpjün edilmegi, keselleýjiligiň ýyl-ýyldan azalmagyna ýardam berýär. Biziň üçin şeýle aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda dünýä möçberli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris!
Gülhan TAŞEWA,
Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň epidemiolog-immunolog lukmany.