Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzda soňky ýyllarda saglyk ulgamynyň günsaýyn kämilleşýändigi raýatlarymyzda çuňňur buýsanç döredýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sagdyn beden we sagdyn ruh Allatagalanyň ynsana eçilen baýlygydyr. Sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr. Adam üçin iň gymmatly zat saglykdyr.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak boýunça işler, zyýanly endiklere garşy göreşler giň gerimde alnyp barylýar we bu baradaky mesele ilkinji nobatda durýar. BSSG-niň senenamasyna seredenimizde, maý aýynda saglyk bilen bagly umumadamzat günleriniň has kändigini görýäris. Has takygy, maýyň ikinji şenbesi ― Bütindünýä gipertoniýa garşy göreş güni, 12-nji maý ― Halkara şepagat uýalarynyň güni, 15-nji maý ― Halkara maşgala güni, 31-nji maý bolsa Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş günüdir.
Hawa, döwleti agzybir sagdyn maşgalasyz, güler ýüzli, il saglygy üçin gije-gündiz zähmet çekýän şepagat uýalarsyz göz öňüne getirmek hem kyn. Şeýle-de ynsan saglygy ugrundaky göreş, ýurduň binýadynyň berk bolup, geljegi ugrundaky göreşdir.
Biziň ýurdumyzda hem zyýanly endiklere garşy göreş boýunça uly işler alnyp barylýar. „Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we bu Kanun hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyp, güýje girizildi.Kanun döwlet ähmiýetli, halk bähbitli bolup, adamlaryň saglygy, ömrüniň, emläginiň howpsuzlygy, durmuş taýdan üpjünçiligi giňişleýin göz öňünde tutulan. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn maşgalanyň ber binýadyny gurmak bilen bir hatarda, sagdyn jemgyýetimize gurmaga ädilýän ynamly ädimdir.
Halkyň saglygy hakynda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň çilimkeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreş yglan etmegi we olary düýbi bilen ýok etmek, neşe serişdelerini aradan aýyrmak maksady bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde işler amala aşyrylyp, ata Watanymyz Ýer ýüzünde bulardan arassalan döwlet hökmünde göreldedir. Türkmenistan temmäki tüssesinden azat döwlet hökmünde BSGG-niň ýörite güwänamalaryna hem mynasyp boldy.
Maý aýyndaky ynsan saglygy, maşgala abatlygy bilen bagly halkara günleriň çäginde ýurdumyzda birnäçe çärelerdir wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şu ýyl Halkara şepagat uýalarynyň güni bolsa aýratyn uly many-mazmuna eýedir. Çünki BSGG tutuş ýyly şolaryň yhlasly zähmetine bagyşlaýar.
Mekan ÖWEZOW,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.