Siziň üçin...

Magtymgulynyň döredijiliginde tahallus meselesi

01-05-2024 / 13

Şan-şöhratly halkymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna zerur bolan ähli mümkinçilikleriň, şertleriň döredilmegi asylly maksatlarymyzyň has-da ilerlemegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz: “Men “Watan” we “halk” diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn.” Mähriban Prezidentimiziň biz ýaşlara ähli ugurlarda gazanan üstünliklerimize bagyşlap aýdýan her biri altyna barabar sözleri çuňňur many-mazmuna eýedir. Şöhratly ýylymyzyň şanly wakalaryndan söz açýan setirler, bizi hiç wagt hakydalardan öçmejek şol taryhy pursatlara alyp gidýär. Her sözüň manysynda, her sözlemiň mazmunynda, her beýanyň süňňünde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamy jäheklenendir.

Ynha, maňa hem şu okuw ýylynda hem birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemek başartdy.Ýagny “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, üçünji mynasyp bolmak miýesser etse, üstümizdäki “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders we taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ikinji orny eýelemek başartdy. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Çünki hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödemek mukaddes borçdur.

Men taslama işimde “Magtymgulynyň  döredijiliginde  tahallus meselesi” barada içgin gyzyklandym. Ylmy ýolbaşçym Bazargül Öwezowa bilen dünýä derejesinde ykrar edilen bu ynsanyň ömrüne hem döredijiligine degişli bar bolan maglumatlary has-da düýpli derňemegi, şeýle-de olary täze maglumatlar bilen doldurmagy, onuň şygyrlaryna dürli ylmy nukdaýnazarlardan çemeleşip öwrenmegi maksat edindik. Çünki  şahyryň ömrüni hem çeper döredijiligini içgin yzarlamakda onuň ulanan edebi lakamlarynyň hususyýetlerini hem aýratynlyklaryny ýüze çykarmak, olary mümkin boldugyndan çuňlaşdyryp derňemek özüniň zerurlygyny saklaýar.

Şahyryň şygyrlaryndaky köp meseleleri onuň tahalluslary bilen deňeşdirip derňew geçirmegiň netijeler berjekdigi ikuçsyz hakykatdyr. Taslamanyň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň edebi tahalluslaryna mahsus bolan aýratynlyklary öwrenmekden, edebi lakam bilen baglanyşykly täzelikleri ýüze çykarmakdan, şeýle-de, orta asyr şygyr däpleriniň hem-de çeperçilik usullarynyň XVIII-XIX asyr nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliklerinde ýüze çykyş özboluşlyklaryny kesgitlemekden, ussatlyklaryny ykrar etmekden ybaratdyr. Şeýle-de, Magtymgulynyň şygyrlarynda tahallus getirmek däbi hem öz gözbaşyny orta asyr Gündogar – musulman edebiýatyndan alyp gaýdýar. Birbada ýöntem ýaly bolup görünýän-de bolsa, şahyryň şygyrlarynda ol ýa-da beýleki bir tahallusyň ulanylmagy sungat wekilleriniň ömür ýoluny adaty durmuş şahsyýetlerini, döredijilik şahsyýetlerini öwrenmekde-de, şygyr älemine has içgin aralaşmakda-da degerli edebi gural, baş çeper tutaryk bolup hyzmat edýändigi meseläniň esasy tarapydyr. Şu taslama işiniň esasy maksady hem bu beýik ynsanyň Magtymguly, Magtym, Gul Magtym, Pyragy ýaly edebi lakamlary şygyrlarynda ulanmak däbiniň gözbaşlaryny takyklamakdan, bu tahalluslaryň onuň şahyrana we ahlak dünýägaraýyşlary bilen baglanyşygyny yzarlamakdan ybaratdyr.

Şu taslama-döredijilik işimde tahallus edebi adalgasynyň türkmen edebiýatynda döreýiş köklerini yzarlamaga, nusgawy edebiýatymyzyň döredijilik ugurlarynda ulanyş aýratynlyklaryny kesgitlemäge, şahyryň edebi lakamlary çeper serişde hökmünde ulanyş ussatlygyny derňemeklige ilkinji gezek synanyşyk edilýär. Magtymgulynyň tahallusy çeper serişde hökmünde ulanmakda getiren täzelikleri ýüze çykarylýar.

Barlagyň çeşmeleri hökmünde Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly şahyrlaryň döredijiliginiň seýrek neşirleri, Rahman Rejepow, Aşyrpur Meredow, Sapar Ahally, Iskender Pala, Ahmet Mermer, Ý.E.Bertels, Ýan Ripka, R.Musulmankulow ýaly häzirki zaman alymlarynyň ylmy işlerden peýdalandyk.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň diňe bir ýurdumyzda däl, dünýä derejesinde hem dabaraly geçirilýän döwründe, biziň şu uly bolmadyk ylmy işimiz şahyryň ömri hem döredijiligi barada edilýän işlere kiçijek goşandymyz bolar diýip tama edýäris.

Biz ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky bimöçber aladalaryna jogap edip, öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmäge yhlasymyzy gaýgyrmarys. Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.

Enejan ERNEPESOWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu