Häzirki döwürde ýurdumyzda Watanymyzyň tugrasynda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini mynasyp derejede ösdürmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini we bedewiň şanyna guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň çägi owadan, çydamly, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriň ösdürilip ýetişdirilen gadymy mekanydyr. Bu künjekde ýaşan ussat seýisleriň nesilleri atlaryň ajaýyp häsiýetlerini saklap, seýisçiligiň milli ýörelgelerini döredipdirler. Bu gün bolsa gadymy toprakda behişdi bedewleriň geçmişdäki meşhurlygy gaýtadan dikeldilýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedew seýislemegiň asylly ýörelgeleri nesilden-nesle geçip, häzirki döwre ýetirilipdir. Munuň özi ussat seýisleriň gözelligiň, kämilligiň hakyky nusgasyny döredip bilendikleriniň aýdyň güwäsidir. Häzirki döwürde behişdi bedewleriň özboluşly beden gurluşyny saklamak, arassa ganly atlaryň baş sanyny artdyrmak işleri döwrebap derejede dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen 2023-nji ýylda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň binalarynyň hatarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy döwrümiziň taryhy wakalarynyň biri boldy.
Meşhur seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän bu akademiýanyň Arkadag şäheriniň çäginde, ýelden ýyndam ahalteke atlarynyň dörän mekanynda ýerleşmeginiň hem çuňňur manysy bar. Dünýä atşynaslary bu ajaýyp tohumy döredip bilen halka hem-de onuň dörän mekanyna, tebigatynyň özboluşlylygyna uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmen halkynda maksada okgunlylyk, deňsiz-taýsyz edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepadarlyk, ar-namyslylyk hem-de watansöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň jemlenmegi ahalteke tohumynyň döremegine we kämilleşmegine oňaýly täsirini ýetirdi. Bu gün bolsa täze bilim ojagynda ahalteke atlarynyň tohumyny ylmy taýdan çuňlaşdyryp öwrenmek, atçylygyň möhüm ugurlary boýunça döwrebap hünärmenleri taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýar.
Isa ŞAMUHAMMEDOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby.