Dünýä belli söz ussatlarynyň eserleriniň içinden Watan, toprak mowzugy eriş – argaç bolup geçýär. Goja Gomeriň «Odisseýi» indi ýigrimi asyrdanam köpräk wagt bäri watansöýüjiligiň gowy nusgasy bolup gelýär. Gadymy Wawilon ýazgylarynda, gadymy hytaý pähimlerinde, grek miflerinde, köki gadymyýetiň çuňluklaryndan nem alýan ajaýyp türkmen nakyllarynda watançylyk ör-boýuna galýar.
Gündogarda türk diliň, türki edebiýatyň düýbüni tutan Ýusup Balasagunlynyň dört ýüz sahypalyk “Kutadgu bilik” eseri watansöýüjiligiň hem ruhubelentligiň çeşmesidir. Döwletmämmet Azadynyň poemalaryndaky watansöýüjilik nesiller üçin pähim nusgasydyr.
Goja Jygaly beg agtygy Röwşene:
Ýalňyz balam, algyn pendim,
Watany terk ediji bolma!
– diýip, wesýet edipdi. Bu pent Görogla ömürboýy medet beripdi.
Geliň, döredijiligi Jemşidiň jamyna, dünýä edebiýatynyň Elbrusyna, tylla ýüzügiň şöhle saçýan göwher gaşyna deňelen beýik Magtymguly Pyragynyň Watan nagmalaryna gulak goýalyň:
Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma.
***
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.
Adam öz gözläp ýören rahatlygyny diňe öz Watanyndan tapýar. Biz toprak, Watan bilen diňe bir göbek ganymyz hem däl, eýsem, topraga döken derimiz, ata-babalarymyzyň bizi penalap, ýelden-suwdan goraglap, üstümizde ganat gerýän ruhlary birleşdirýär. Şu topragyň goýnunda bakylyga öwrülip giden ata-babalarymyz bizi şu toprak, Watan bilen ömürbaky baglap goýýar. Guşa öz höwürtgesinden, çarlaga aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummanyndan, algyr bürgüde ýylçyr gaýasyndan, boz jerene ýumşak ýaýlasyndan, parasatly türkmenler aýtmyşlaýyn, towşana dogduk depesinden eziz zat dünýäde ýokdur.
Gurbanbaý GURBANBAÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 2-nji ýyl harby talyby.