«Agaç miwesinden, ynsan balasyndan tanalar» diýlen pähimiň many-maňzyna aňryýany bilen göz ýetirip gelýän halkymyz nesil-neberesiniň edep-terbiýesine uly ähmiýet berýär. Ony halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň, däp-dessurlarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Ýagty jahan bilen tanşan gününden başlap, ene-mamalarymyzyň çaga üçin edýän doga-dileglerinde, heňe salýan owazly hüwdülerinde çaganyň geljekki durmuş menzilleri dogrusynda ýagşy umyt-arzuwlar beýan edilýär. «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýlişi ýaly, pederlerimiziň iň uly arzuwlary perzentleriniň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri bilen baglydyr.
Ata-babalarymyz nesil terbiýesine, edep-ekramyna uly üns bermek bilen, öz nesil dowamatynyň akylly, sagdyn, dogruçyl, asylly, ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar-bolup ýetişmkleri üçin uly aladalar edipdirler, bu işi paryz hasaplapdyrlar. Sebäbi nesil terbiýesi örän çylşyrymly hem-de jogapkärli işdir. Her bir çaga jemgyýetde özüni alyp barmagyň düzgünlerini, daş-töwerege, adamlara bolan garaýşyny öz maşgalasynda ene-atasyndan, mekdepde mugallymyndan, deň-duşlaryndan öwrenýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesinden kemala gelen «edep» sözi köp manyny, ýagny terbiýe, tertip, utanç-haýa, sypaýylyk ýaly çuň manylary özünde jemleýär. Şonuň üçin çaga terbiýesinde edeplilik baradaky düşünjä uly orun degişli bolup, bu hem gönüden-göni ýaşuly nesliň göreldesi bilen baglydyr. Sebäbi döwletiň berkligi jemgyýete bagly, jemgyýetiň sagdynlygy bolsa maşgala bilen dahyllydyr. Maşgala milletiň, jemgyýetiň galkynmagynda uly orun tutýan bolsa, maşgalanyň galkynmagynda perzende düşýän paý hem ýokarydyr.
Pederlerimiziň pähim-paýhasa ýugrulan «Boljak oglan ýaşlygyndan bellidir» diýen dana sözlerinde ösüp gelýän çaganyň ykbalyny kesgitleýji pikir bar. Şol nukdaýnazardan çaganyň ýaşlygyndan başlap dogry ýola ugrukmagy olaryň durmuşynda möhüm ädim bolup durýar. Çagalara wagtdan ýerlikli peýdalanmagy öwretmek, bilimiňi, zehiniňi yzygiderli taplamak baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Munda taryhy we durmuşy wakalaryň, rowaýatlaryň täsiri uludyr. Gündogar halklarynyň arasynda Lukman Hekim ady bilen tanalýan belli akyldar, lukman, alym, filosof Ibn Sina çagalyk döwründen başlap, ylmy kitaplary okap, olaryň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Ol ýetginjek ýaşlaryndaka bir hökümdary keselden bejerip, onuň kitaphanasynda az wagtlyk okamaga rugsat alýar. Şonda ol şol gysga wagtda kitaplaryň köpüsini ýatdan öwrenip, töweregindäkileri haýran galdyrýar.
Gündogaryň beýik akyldary Abu Nasyr Faraby mertebe gazanmagyň iki ýoly bar diýip düşündirýär. Olar – okatmak hem-de terbiýelemekdir. Alymyň bu pikiri ilhalar, medeniýetli şahsyýeti, nesli ýetişdirip, jemgyýetde mertebe gazanyp bolar diýen düşünjäni öňe sürýär.
Ata-babalarymyzyň bize galdyran edep-terbiýe we ahlak gymmatlyklaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň täze taryhy döwrüniň şertlerinde ösdürmek, durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlara giňden düşündirmek hem terbiýelemek bilim işgärleriniň, şol sanda sungat wekilleriniň hem mukaddes borjudyr.
Tylla ORAZOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.