Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar.
Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserindäki käbesiniň gyzlary bilen bile oturyp keşde çekýändikleri, jorap örýändikleri baradaky ýatlamalary ene bilen çaganyň arasyndaky mizemez we sarsmaz gatnaşygyň täsirli beýanydyr. Aslyýetinde, dünýäde eneler haçan bagtly bolýarlar? Elbetde, perzentleri il-günüň derdine ýarap, ynsanlaryň alkyşlaryna mynasyp bolan halatynda. Il-günüň asudalygyny, halk agzybirligini, halal zähmetiň dabaralanmagyny ündän, ýurduň ykbalyny öz perzentleriniň ykbalyndan aýry görmedik mähriban käbe — Ogulabat eje ömürlere nusgadyr. Milletiň enelerine, gelin-gyzlaryna ýagşylykda, halallykda, asyllylykda, pespällikde, mähribanlykda, işeňňirlikde, adamkärçilikde görüm-görelde bolup, olara beýik döwre görä ýaşamaga, döretmäge, Watan diýen mukaddesligi gözleriniň görejine deňäp söýmäge itergi beren bu mähriban käbäniň nusgalyk işleri her bir zenanyň hakydasynda janlanýar, ýüreklerde ýaşaýar.
Türkmen halky nesil terbiýesine uly üns berýär. Milli edebiýatymyzyň gadymy sahypalary halkymyzyň nesil terbiýesine bagyşlanan edebi mirasy bilen ebedileşdirilendir. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözler, nakyllar, halkymyzyň durmuşyny, durmuş tejribesini, pelsepesini, dünýägaraýşyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän miraslar nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Türkmen halk döredijiligi ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda adamzat aňynyň synagyndan geçip, biziň günlerimize ýetipdir. Ol ruhy gymmatlyklar halkymyzyň şöhratly taryhy, dili, ýaşaýyş durmuşy, tebigat bilen gatnaşygy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli asylly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ogultuwak BÄŞIMOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.