Siziň üçin...

Bedew waspy belentde

28-04-2024 / 5

Ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolýar. Waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ýurdumyzda bedewleri ösdürip ýetişdirmek we olary seýislemek bilen meşgullanýan, milli gymmatlyk hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän atlaryň nesil ugruny mynasyp dowam etdirýän ussat atşynaslar, seýisler sarpalanylýar. Bu asyl däpler häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykarylýar, atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Türkmen atşynaslygynyň bu ugurdaky halkara tagallalara goşulyşmagy bolsa bedewleriň baş sanynyň artdyrylmagynda, dünýä atçylygynda Türkmenistanyň öňdäki orunlarda ykrar edilmeginde ähmiýetli ädim bolup durýar. Şunda döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag hem-de seçgiçilik işleriniň alnyp barylmagyny, bu işlerde dünýä tejribesiniň, täze tehnologiýalaryň özleşdirilmegini, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegini, milli atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm ugurlar hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi ahalteke bedewleriniň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge, olaryň şöhratyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Pudagyň ösüşine goşmaça depgin bermek, at çapyşyklarynda hem-de atçylyk sportunyň dürli görnüşleri, hususan-da, konkur we at üstündäki milli oýunlar boýunça üstünlikli çykyş etmegi üpjün etmek maksady bilen, türgenleriň taýýarlanylmagyna möhüm üns berilýär. Pudagyň ylmy taýdan ösdürilmegine, ýokary derejeli ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, bu ugurdaky ylmyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Geçen ýyl Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bu ugurda wajyp ädim boldy. Bu ýerde Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hem hereket edýär.

Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýurdumyzyň, daşary ýurtly atşynaslaryň alyp barýan işlerine mynasyp baha berilýär. Olara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” ýaly hormatly atlar dakylýar.

Aýlar NEPESOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu