Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň atşynaslyk sungaty bilen bagly baý medeni mirasyny, däp-dessurlaryny, ýörelgelerini aýawly saklamak, täzeden dikeltmek meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Ýurdumyzda atşynaslar uly hormat-sarpa bilen gurşalandyr. Şeýle ussat atşynaslaryň biri ussat seýis, zehinli atşynas-seçgiçi hökmünde tanalýan meşhur Aba Annaýewdir. Türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmäge, onuň gadymy däplerini nesilden-nesle geçirmäge, ady rowaýata öwrülen ahalteke tohum atlaryny gorap saklamak we kämilleşdirmek işine uly goşant goşan Aba Annaýewiň bitiren hyzmatlary uludyr. Ol ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň saklanylmagynda tagallalaryny gaýgyrmandyr. Merdana ata-babalarymyz täsin, ynsana mahsus duýgurlygy, eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýan atlaryň seçgiçilik işiniň kämilleşdirilmegine hemişe uly üns beripdirler. Olar ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirip, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy geljek nesillere miras galdyrypdyrlar. Türkmen atşynaslary häzirki döwürde bu işi mynasyp dowam etdirýärler.
Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalary häzirki wagtda öz oňyn netijesini berýär. Ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplaryň awtory, tejribeli, ussat çapyksuwar Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, döredijilikli işi arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek ýörelgeleriniň dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine, döwrebap ugurdaş düzümiň kemala getirilmegine, at üstündäki milli oýunlary, atly sportuň görnüşlerini dünýä ýaýmaga ýardam etdi.
Taryhy we häzirki zaman maglumatlaryny ylmy taýdan seljermegiň, baýlaşdyrmagyň netijesinde behişdi bedewler barada döredilen ajaýyp kitaplar Milli Liderimiziň jöwher paýhasyna degişlidir. Uly meşhurlyga eýe bolan bu eserler dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, daşary ýurtly okyjylar, ahalteke bedewleri bilen gyzyklanýan hünärmenler we alymlar üçin hem elýeterlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz behişdi bedewlere aýratyn sarpa goýýar, milli atşynaslyk pudagyny täze belentliklere çykarýar, ýurdumyzda pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atly sport görnüşlerini, milli atşynaslyk däplerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.
Güljana GARÝAGDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.