Siziň üçin...

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama…

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde zenan waspy

25-04-2024 / 9

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň guwanjy hem buýsanjy hasaplanýar. Şahyryň bize miras goýan dürdäne setirleri, paýhasly jümleleri, şygyrlary her bir türkmeniň kalbynda ýaşap gelýär. Şahyryň köp taraply döredijiliginde halkyň ruhy medeniýeti, milli däp-dessurlary, ýaşaýyş durmuşy giňden şöhlelendirilýär. Akyldar şahyr gelin-gyzlara örän uly hormat goýup, olary ýaşaýşyň bezegi, maşgalanyň görki hasaplapdyr. Şahyryň şygyrlarynda gyz-gelinleriň gözelligi, edep-ekramy, olaryň el hünäri wasp edilýär. Şahyr gyz-gelinlerimiz bilen baglanyşykly ençeme şygyrlary döredipdir. Olardan «Durasyň geler», «Ýaryň ýagşysyn», «Güle meňzär», «Gözel sen» ýaly birnäçe şygyrlary mysal getirmek bolar.

Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde Meňliniň keşbinde türkmen gyzyna mahsus bolan utanjaňlyk, haýalylyk-edeplilik bilen baglanyşykly goşgy setirlerini getirýär. «Meňli hanym golun dişläp, bizden ki uýat eýleýir» diýip, gyz edebini wasp edýär. Irki döwürde türkmen däplerine görä, uly gyzlar erkek kişini görende goluny (köýnekleriniň ýeňini) dişläp, ýüzüni sowa tutup salamlaşyp geçipdirler. Şahyr bu setirlerinde edep-ekramlylygy taryplan bolsa, «Hökümli» goşgusynda:

Humaý oturyşly, laçyn turuşly,
Kebiter topukly, maral ýörişli,
Täze hilal gaşly, merwerit dişli
Tawus guş zynatly, Dawut towuşly,
Terbeza şiweli, käkilik duruşly,
Tugun guş timarly, tarlaň bakymly.

– diýip ýazmak bilen, türkmen gelin-gyzlarynyň oturyp-turşyny marala, laçyna, gaşlaryny hilala, hünji düzülen dişlerini «merwerite» (gymmat bahaly daş) deňemek bilen, olaryň deňsiz-taýsyz gözelligini durmuşyň bezegi hasaplaýar.

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.

Magtymguly Pyragy diňe bir dürdäne şygyrlary döretmek bilen çäklenmän, zergärçilik bilen hem meşgullanypdyr, gyz-gelinleriň görküne görk goşýan özboluşly, nepis bezeg şaýlaryny ýasapdyr, köňül nagyşlaryny ýasan şaý-seplerine siňdirmegi başarypdyr. Şahyr waspyny ýetirýän türkmen gözellerine bagyşlap gupba, gülýaka, bilezik, bukaw, çapraz-çaňňa, gönjük, tumar, kökenli ýüzük ýasapdyr.

Ýüwrük ýetmez uzagyna
Düşdüm pelek duzagyna
Meňli gyzyň ýüzügine
Gaşlar goýsam kümüş bile.

Bu goşgy setirlerinden görşümiz ýaly şahyryň göwün beren ýeke-täk gyzy Meňlä niýetläp hakykatdan hem ýüzük ýasanlygyny has aýdyň görmek bolýar.

Magtymgulynyň döredijiliginde gymmat bahaly metallar bilen baglanyşykly düşünjelere «Ýör biläni», «Bolarmy», «Zer olmaz», «Näbilsin», «Gözüm düşdi», «Ýaryň ýagşysyn», «Näme sen» ýaly şygyrlarynda gabat gelmek bolýar.

Magtymgulynyň zenan gözelligi, yşk-söýgi meselesini gozgaýan şygyrlary özüniň ajaýyplygy we ýürekdeşligi bilen bütin nesilleriň hemrasy bolup geldi. Halk ol goşgulary saza salyp, aýdym edip geldi. Ol şygyrlar we aýdymlar şu günler hem biziň dilimiziň senasydyr.

Dünýä NURYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu