Hormatly Prezidentimiziň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny peşgeş bermegi baý mirasymyzy, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, taryhy mekanyň täze galkynyşlaryny dünýä ýaýmakda özboluşly goşant boldy.
Bilşimiz ýaly, Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, külli türki älem üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyz üçin çuňňur buýsanjyň gözbaşy bolup, biziň ählimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.
«Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de birnäçe bölümden ybarat täze kitapda türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk, kökleri müňýyllyklara uzaýan Änew şäheriniň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan adybir galanyň çäklerinde geçirilen gözlegleriň netijeleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Çuň many-mazmuna ýugrulan eserleri döredip, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde nusgalyk görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Farruhbek HAÝITOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň başlygy.