Siziň üçin...

Çagalaryň irki ösüşine uly ähmiýet berilýär

24-04-2024 / 13

Parasatly türkmen nakylynda «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýlip, örän jaýdar aýdylýar. Çagalar — biziň geljegimiz. Sagdyn ösüşli körpäniň ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi ugrunda mekdebe çenli çagalar edaralary hem mynasyp işleri alyp barýar.

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» we  «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» hem-de meýilnamasy bu ugurdaky alnyp barylýan işler üçin esasy ýol görkeziji we ugrukdyryjy resminamalardyr. Bu resminamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem mynasyp işler alnyp barylýar. Bu ýerde çaganyň ähli taraplaýyn ösüşine uly üns berilýär.

Çaganyň kadaly ösüşini üpjün etmek maksady bilen bilelikdäki tagallalaryň ene-ata, şepagat uýasy bilen bilelikde geçirilmeli işleriň hem ýokary ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de çagalaryň ähli taraplaýyn kadaly we göwnejaý ösüşini üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär we olaryň her biri aýratyn gözegçilikde bolýar.

Mekdebe çenli döwürde çaganyň kelle beýnisiniň kadalaşdyryjylygy barha artýar. Çaga ulaldygyça, terbiýe bermegiň söz usullaryndan peýdalanmak mümkinçiligi köpelýär. Çagalar akylly-başly gürrüňleri diňlemek, terbiýeçiniň getirýän mysallaryndan görelde almak arkaly özlerini kämilleşdirmäge ukyply bolýarlar. Çagalar bilen ýörite guralýan oýunlaryň üsti bilen okuwlaryň geçirilmegi geljekde bilim ulgamyna uly taýýarlyk görülmegini aňladýar. Çagalary alty ýaşdan başlap, ýuwaş-ýuwaşdan umumybilim berýän mekdepleriň taýýarlyk bölümlerinde okatmaga geçmek üçin degişli şertleri döretmek wezipesi durýar. Çagalar baglaryndaka garanyňda, mekdepdäki okuw has ýokary jogapkärçiliklidir. Alymlarymyz, görnükli pedagoglarymyz alty ýaşdaky çagalar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň esasy wezipelerine çagalaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşdyrylmagyny, aňly-düşünjeli, ukyply çagalaryň höweslendirilmegini, olaryň dünýä bolan gözýetimleriniň yzygiderli giňeldilmegini degişli hasap edýärler.

Geliň, ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmegi, sagdyn bolmagy, döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmagy, her gün özleri üçin nähilidir bir täzelikleri açmagy hem-de öz dostlary we maşgalasy bilen jebislikde ýaşamagy üçin bilelikde işläliň! Geliň, çagalarymyzyň çagalygyň lezzetini görmegi üçin jebisleşeliň!

Annagul PALTAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu