Ençeme asyrdan bäri türkmeniň adyny ähli yklymlara meşhur eden milli gymmatlyklarymyzyň biri-de ahalteke bedewlerimizdir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilmegi halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu jandaryň ornunyň biçak uludygyny aňladýar.
Halk yrymlarynda bellenilişi ýaly, at toýnagy düşen ýerlerde bereket, döwlet bolýar. Ýelden ýüwrük, gamyşgulak bedewlere uly hormat goýýan ata-babalarymyz hem öz wepaly dostuny — atyny ýanyndan goýmandyr, oňa «dost, syrdaş» diýip ýüzlenipdir. Merdana ýigitler «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin, gardaşymdan ýeg. Başyma iş geldi, ýoldaşym diýerin, ýoldaşymdan ýeg» diýip, bedew atyny ezizläpdir, söýüpdir.
Türkmen halkynyň at-abraýyny, şöhrat-mertebesini belende göterip, dünýä ýaýan beýik taryhy şahsyýetlerimiz bolan Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Çagry beg, Togrul beg, Jelaleddin, Keýmir kör… kimin serkerdelerimiziň, serdarlarymyzyň hut bedew atlarymyza atlanyp, halkymyz üçin bitiren hyzmatlary milletiň aňynda, adamzat hakydasynda baky ýaşaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly gymmatly kitaplary halkymyza uly gollanmadyr. Bu ajaýyp kitaplar türkmen bedewleriniň gözelliginiň, ýyndamlygynyň soňlanmajak waspydyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň şowhuny dünýä dolýar. Ýurdumyzda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy konferensiýasy yzygiderli geçirilýär. Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän bäsleşikler daşary ýurtly myhmanlary hem haýrana goýýar. At çapyşyklarynda we halkara gözellik bäsleşiklerinde ahalteke bedewlerimiziň öňdäki orunlary eýelemegi — munuň özi türkmen bedewleri üçin täze bir eýýamyň, döwranyň gelendigidir
Aýnabat ÝAGMYROWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.