Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmenistanda çaganyň irki ösüşine uly ähmiýet berlip, her bir çaganyň kadaly ösmegi üçin oňat şertleri döretmek göz öňünde tutulýar we çaganyň hukuklaryny goramak boýunça birnäçe maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy milli we oňyn halkara tejribelerine salgylanmak bilen, çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilmek bilen ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksadyny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Maksatnamanyň esasy maksady mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmekden, çagalara bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmakdan, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Maksatnama mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we usullary giňden ornaşdyrmak; dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen, ýagny daşary ýurt dilleri, matematika, şekillendiriş we aýdym-saz sungaty ugurlarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gerimini giňeltmek; mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin bilimiň elýeterliligini we ähli bäş ýaşly çagalaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek hem-de mekdebe çenli bilimiň maksadyny, mazmunyny, gurluşyny we bilim-terbiýeçilik işini guramagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmek ýaly wezipeleri öz içine alýar.
Çaga ýüregimiziň, kalbymyzyň aýnasydyr. Onuň gözelligi, edep-terbiýesi, gylyk-häsiýeti biziň ruhy dünýämiziň keşbini açyp görkezýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan mähriban körpeleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, talabalaýyk terbiýelenmegi, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi, döwrebap bilim almagy jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň nyşanydyr.
Aýsona ÝUSUPOWA,
Daşoguz şäheriniň 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi,