Siziň üçin...

Dünýä medeniýetiniň baýlygy

23-04-2024 / 5

Halkymyzyň taryhyny bedewsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Bedew bilen türkmeniň bagry badaşandyr. Durmuşymyz bedew bilen aýrylmaz we üznüksiz baglydyr. Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda Oguz han eýýamyndan gaýdýan «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada» diýen jümläniň bu günki gün has rowaçlanýandygyny buýsanç bilen belleýär.

Milli atçylygy ösdürmek babatda yzygiderli amala aşyrylýan işler, hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň baýlygyny —ahalteke bedewini geljekki nesiller üçin aýawly saklaýan uly halkara merkez bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär. Arkadag şäherinde Akhan bedewine bagyşlanan monumentiň gurulmagy halkymyzyň öz behişdi bedewlerine çäksiz söýgüsiniň, olar baradaky ägirt uly aladanyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenler hemişe ussat seýisleri, çapyksuwarlary bilen tanalypdyr. Aba Annaýew hem öz ömrüni ahalteke bedewlerine bagyşlan, olaryň tohum arassalygyny saklamaga, türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmäge, onuň gadymy däplerini nesilden-nesle geçirmäge uly goşant goşan atşynasdyr. Meşhur seýis öz işiniň hakyky ussady bolupdyr, saýlama bedewleriň birnäçesini ösdürip ýetişdiripdir. Arkadag şäherinde hem şöhratly bedewleriň we ussat seýisleriň täze nesli kemala gelýär. Bu ugurda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, şeýle hem onuň bilen ugurdaş ylmy-önümçilik merkezi we sirk uly işleri durmuşa geçirýär.

Mälim bolşy ýaly, şöhratly ahalteke tohumynyň ajaýyp wekili bolan Akhan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça gurlan we «akylly» şäheriň bezegi bolan bu özboluşly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy milletimiziň buýsanjy bolan behişdi bedewlere ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr. Arkadag şäheriniň dünýä ahalteke bedewlerini peşgeş beren gadymy türkmen topragynyň iň gözel ýerleriniň birinde gurulmagy hem aýratyn bellärliklidir.

Baýrammyrat BERDIÝEW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu